«Röwşen» hususy kärhanasy Aşgabatda geçirilýän sergä täze öndüren aýakgaplary bilen gatnaşýar

17:4526.01.2022
0
15152

«Turkmenportal» web saýtymyzda habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda açylan «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işini dowam edýär. Oňa döwlet edaralarynyň wekilleri, hususy itşynaslar, halyçylar, şol sanda hem telekeçiler özleriniň täze önümleri bilen gatnaşýarlar. Olaryň arasynda türkmen alabaýynyň şekili ýerleşdirilen täze aýakgap önümleri bilen gatnaşýan «Röwşen» aýakgap önümçilik kärhanasy hem bar.

Bu hususy kärhananyň hünärmenleri Türkmenistanyň çäginde geçirilýän sergilere hemişe diýen ýaly özleriniň täze, dürli görnüşdäki aýakgap önümleri bilen gatnaşyp gelýärler. Olar türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän nobatdaky sergä hem türkmen alabaýynyň şekili bilen bezelen aýakgaplaryň birnäçe görnüşi bilen gatnaşýarlar. Alabaýyň şekili ýerleşdirilen ýokary hilli, döwrebap, milli biçüwdäki aýakgaplaryň sergide görkezilmegi oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

«Röwşen» aýakgaplary hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar 100 göterim arassa deriden taýýarlanan täze sport, gyşda geýmek üçin niýetlenen ýarym ädige hem-de atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenlere niýetlenen ädige alabaý itiniň şekiliniň ýerleşdirilendigini, täze görnüşdäki aýakgaplaryň sergä gatnaşyjylarda hem-de alyjylarda uly gyzyklanma döredendigini aýtdylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2003-nji ýyldan bäri aýakgap önümçiligi bilen meşgullanyp gelýän «Röwşen» hususy kärhanasy golaýda Russiýa Federasiýasynyň Domodedowo şäherinde (Moskwa oblasty) öz şahamçasyny açdy. Bu bolsa Türkmenistanda çagalar, erkekler hem-de zenanlar üçin sap deriden öndürilýän aýakgaplaryň diňe bir içerki bazarlarda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islege eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň