Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady

13:4726.01.2022
0
12517

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady. Ir bilen oňa gatnaşyjylar türkmen milli gymmatlyklaryna bagyşlanan sergä aýlanyp gördüler hem-de bu ýerde türkmen alabaý itleri, we tazylary, şeýle-de el işleriniň dürli görnüşleri bilen tanyş boldular.

Myhmanlar sergini synlanlaryndan soňra «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň umumy mejlisine gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda milli itşynaslyk tejribesini ösdürmek we dünýä ýaýmak, türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň mili aýratynlyklary, şeýle-de türkmen halylary, alabaý itleriniň heýkelleri, türkmen haly nagyşlarynyň gadymy we orta asyr binagärlik bezeglerine ulanylan görnüşleri, türkmen alabaý itlerini wasp edýän arheologik tapyndylar hem-de olaryň haly we beýleki milli el işlerindäki çeper beýany barada çykyş etdiler.

«Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» ady bilen üç gün dowam etjek ylmy-amaly maslahat seleksiýalar boýunça dowam eder. Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen halysynyň milli muzeýinde, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriljek maslahatlarda hem türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, olary dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyşlara orun berler.

Ylmy-amaly maslahat we sergi 28-nji ýanwarda öz işini tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň