Russiýanyň Domodedowo şäherinde «Röwşen» haryt nyşanly türkmen aýakgap kärhanasynyň şahamçasy işleýär

17:1812.01.2022
0
9023

«Röwşen» hususy kärhanasy Russiýanyň Domodedowo şäherinde (Moskwa oblasty) öz şahamçasyny açyp, şahamçanyň öndüren önümlerini satuwa çykarmak bilen geljekde onuň önümçiligini ýokarlandyrmaklygy meýilleşdirýär. Bu barada «Altyn asyr:Türkmenistan» web sahypasy habar berdi.

«Röwşen» hususy kärhanasy ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň welaýatlaryna gönden tikilen erkek aýakgaplarynyň birnäçe tapgyryny ugratdy. Ol ýere eýýäm aýakgaplaryň ýigrimi müňden gowrak jübüti iberildi.

2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Mary welayatynyň gümrük geçelgesinden 6671 jübüt «Röwşen» haryt nyşanly aýakgaplar ilkinji gezek Russiýa eksport edildi.

«Röwşen» hususy kärhanasynyň önümlerine diňe bir Russiýada däl, eýsem türkmen aýakgaplarynyň satuwa ugradylýan ýurtlary bolan Özbegistanda we Owganystanda-da isleg bildirilýär.

«Röwşen» hususy kärhanasy 2003-nji ýyldan bäri islegli aýakgap öndürijisi hökmünde tanalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň