Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda saparda bolar

21:5008.01.2022
0
7242
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Saparyň dowamynda, 8-nji ýanwarda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk we ýük daşamalary ugurlaryndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Eýran Yslam Respublikasynda saparda boljakdygy barada aýdylyp, onuň çäklerinde gol çekilmeli ikitaraplaýyn resminamalar barada pikir alşyldy.

Taraplar duşuşygyň dowamynda sebit meseleleri, şol sanda Owganystandaky çylşyrymly ýagdaýlar ünsi çekdiler we ol ýerde tiz wagtda asuda we parahat durmuşyň ýola goýuljakdyklaryna umyt bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki we gelejegi baradaky başga-da käbir meseleler orta atyldy, olar boýunça ýerine ýetirilmeli işler bellenildi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň