Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy

19:4308.01.2022
0
1164

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Türkmen wekiliýeti şu gün – 8-nji ýanwarda Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy. Tähranda geçirilen duşuşyga Eýranyň nebit ministri Jawad Oji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we wekiliýetiň beýleki agzalary gatnaşdylar.

Bu duşuşyk Eýranyň nebit ministri bilen türkmen tarapynyň arasyndaky öňki gepleşikleriň dowamydyr. Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanan gepleşikleriň eýýäm birnäçe tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Eýranyň üstünden Azerbaýjana gaz ibermek baradaky Şertnamasy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň bir bölegidir.

Bu Şertnamanyň geçen hepde güýje girendigi barada “Türkmenportal” okyjylaryna habar beripdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň