«Türkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti 8-9-njy ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar.
Saparyň çäklerinde, 8-nji ýanwarda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.
Eýran habar beriş serişdelerinde bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ählumumy we sebitleýin syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda iki ýurduň garaýyşlarynyň birligi ýa-da meňzeşligi barada aýtdylar.
Türkmenistanyň hem-de Eýranyň wekiliýetleri syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň wajypdygyny nygtadylar.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, wise-premýer R.Meredow hem gatnaşdy. Ministr duşuşygyň barşynda çykyş edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada belläp geçdi.
Şeýle-de okaň!