Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda futbol möwsümi tamamlandy

20:1122.12.2021
0
4559

Şu gün Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň futbol möwsümi tamamlandy.

Möwsümiň ahyrky duşuşygy Türkmenistanyň kubogynyň finaly boldy. Onda «Şagadam» «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ikinji gezek arzyly kuboga eýe boldy.

Şu möwsümde Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň bassyr sekizinji gezek Türkmenistanyň çempiony bolandygyny hem ýatladýarys. Topar tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny hem gazandy.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda «Ahal» kümüş, «Şagadam» bürünç medala mynasyp boldy.

«Ahalyň» ýarym goragçysy Elman Tagaýew milli çempionatymyzyň yzda galan möwsüminde 10 gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçy boldy. Ýöne onuň bu netijesi çempionatyň tarayhynda iň netijeli futbolçylaryň geçiren pökgüleriniň arasynda iň azydyr. Şu gezekki möwsümiň iki aýlawdan ybarat bolandygyny hem nazarda tutmaly. Çempionat geçen ýyllarda dört aýlawyň dowamynda geçirilýärdi.

«Altyn asyryň» ikinji düzümi ýaşlaryň arasynda geçirilen milli birinjilikde ýurdumyzyň çempiony boldy.

Şu ýylyň ýatda galan futbol wakalarynyň hatarynda «Ahalyň» taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ýeňijisi bolup, ýaryşyň sebitleýin finalyna gatnaşmagy hem bar. Möwsüm soňky birnäçe ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» türkmen futbolynyň kerwenbaşysy bolmagynda tamamlandy.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2021-nji ýylda resmi duşuşyklaryň ikisini geçirdi. Olaryň ikisi hem iýun aýynda boldy. Has takygy, 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda milli ýygyndymyz Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyndan 0:5 hasabynda asgyn geldi, Liwanyň ýygyndysyny bolsa 3:2 hasabynda ýeňdi. Türkmen futbolçylarynyň toparçada eýelän orny Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň