Soňky habarlar

Arhiw

Kakajan Aşyrow Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň ýolbaşçysy wezipesinden boşadyldy

23:1516.12.2020
0
20044

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmurat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň ýolbaşçysy Kakajan Aşyrowy pensiýa gitmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Bu wezipä ozal Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýolbaşçysy bolup işlän Hojaýew Nurberdi Altyýewiç getirildi. Türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Meşhur teatr režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow şu ýylyň mart aýynda 70 ýaş ýubileýini belledi. Ol uzak ýyllaryň dowamynda türkmen teatr we kino sungatyna uly goşant goşdy.

Ol uly baýramçylyk dabaralarynyň, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň hem režissýorlarynyň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň