Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Baş arça ― GDA boýunça iň belent arça

23:3103.01.2020
0
20544

«TurStat» portaly tarapyndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň iň beýik Baş Arçalarynyň sanawy düzüldi. Bu sanawda türkmen paýtagtyndaky Baş Arça GDA boýunça hem iň belent baýramçylyk arçasy hökmünde görkezilýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabatdaky Baş arçanyň beýikligi 40 metre barabardyr. Ol «Älem» medeni-dynç alyş seýilgähiniň öňündäki meýdançada ýerleşýär.

Sanawyň ikinji ornunda Ermenistanyň paýtagtyndaky Baş arça bar. Onuň beýikligi 37 metr. Özbegistanyň paýtagty Daşketdäki arçanyň beýikligi bolsa 36 metre barabar. Şeýle dördünji orundaky Bakudaky arça 34, bäşinji orundaky Belarusyň paýtagtyndaky arça 30 metr beýiklikde.

Mahlasy, sanawy Moldowanyň paýtagty Kişinýewdäki beýikligi 20 metre barabar arça jemleýär.

Moskwanyň Kreml meýdançasyny bezeýän Baş arça GDA döwletleriniň içinde şu baýramçylyk üçin dikilen ýeke-täk janly baýramçylyk arçasydyr. Eger Baş arçalar hasaba alynman sanaw düzülmeli bolsa, onuň başyna Russiýanyň Krasnoýarks şäherindäki arça geçerdi. Şu ýyl onuň beýikligi 55 metre ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň