Ertir türkmen telewideniýesinde profilatika güni diýlip yglan edildi

22:1425.08.2019
0
44033

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti ertir - 26-njy awgustda ýarygije sagat 00:00-dan gündiz sagat 12:00-a çenli profilatika gününi yglan etdi. Komitet bu barada teleýaýlymlarda tomaşaça ýazmaça görnüşde maglumat berdi.

Görkezilen aralykda teleradoýaýlymda käbir tehniki abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigi sebäpli olar 12 sagadyň dowamynda işlemez. Gündiz sagat 12-den başlap, milli teleradioýaýlymlaryň ählisi öz gepleşiklerini bellenen meýilnama boýunça dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň