Türkmenistanyň Prezidenti Efiopiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

23:5611.03.2019
0
13248

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti hanym Sahle-Work Zewdä «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, Ethiopian Airlines kompaniýasyna degişli uçar Keniýanyň paýtagty Naýbori şäherinde heläkçilige uçrady. Düzüminde 149 ýolagçy we 8 ekipaž bolan uçarda halas bolmak hiç hime başartmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň