Muhadowyň dubly "Ahala" "Köpetdagy" ýeňmäge kömek etdi

23:5013.10.2018
0
3629

24-nji tapgyryň birinji gününde ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Ahal” topary myhmançylykda “Köpetdag” bilen duşuşdy. Iň köp top geçirenleriň bäsleşiginde öňdäki orny eýeleýän Süleýman Muhadowyň derwezä geçiren toplary “Ahala” wajyp utuklary getirdi. Bu tapgyrdan soň utugyny 53-e ýetiren “Ahal” eýeleýän birinji ornuny saklaýar. “Ahaldan” iki oýny az geçiren “Altyn Asyryň” 48 utugy bar. Paýtagtymyzyň topary 14-nji oktýabrda “Şagadamy” kabul eder.

Üçünji orun ugrunda “Şagadam” bilen ýiti göreş alyp barýan Marynyň “Energetigi” bu tapgyrda “Aşgabady” kabul edip, Rahmet Şermetowyň golundan soň 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, gazanan wajyp ýeňşinden soň Marynyň topary toplan 39 utugy bilen ýaryş tertibinde ynamly üçünji orny eýelemegini dowam edýär.

24-nji tapgyryň beýleki iki duşuşygy ertir geçirilip, onda “Altyn Asyr” – “Şagadam”, “Merw” – “Nebitçi” toparlary duşuşarlar.

24-nji tapgyryň netijeleri:

 “Energetik” – “Aşgabat” – 1:0

Gol: Rahmet Şermetow 59 (“Energetik”)

Bellik: Duşuşygyň 76-njy minutynda “Energetigiň” oýunçysy Rahmet Şermetow 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Duýduryşlar: Begli Meredow 26, Farhat Italmazow 66 (“Energetik”) – Atageldi Geldiýew 38, Elýas Akyýew 66 (“Aşgabat”)

Oýundan soň görkezilen duýduryşlar: Rahmet Şermetow (“Energetik”) – Şirazeddin Jumaniýazow(“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

 

 “Köpetdag” – “Ahal” – 0:2

Gollar: Süleýman Muhadow 53, 83 (“Ahal”)

Duýduryşlar: Şagylyç Geldiýew 41, Serdar Baýramow 74 (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 100

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň