Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Minsk şäherinde geçirilen ýaryşda ikinji orny eýeledi

18:1229.04.2024
0
9838

Futzal boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Belarus Respublikasynyň nemes basybalyjylaryndan azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen abraýly halkara ýaryşda ikinji orny eýeledi.

Ýakub Öwezowyň şägirtleri ýaryşyň jemleýji 4-nji tapgyrynda Belarus Respublikasynyň çempionatynda çykyş edýän «Minsk» toparyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Mundan ozal Türkmenistanyň ýygyndysy Belarus Respublikasynyň çempionatynyň ýene bir wekili – Minsk şäheriniň «Ohrano-Dinamo» («Goragçy-Dinamo») toparyny 7:1 hasabynda utupdy.

Ýaryşyň deslapky iki tapgyrynda bolsa türkmen futzalçylary Belarusuň ýygyndysyndan 4:0 we 4:1 hasaplarynda ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň