Keniýada bent ýykylyp, 42 adam pida boldy

11:0301.05.2024
0
7173

Keniýanyň paýtagty Naýrobiden demirgazykda bent ýykylyp, azyndan 42 adam heläk boldy diýip, «24KZ» habar berýär.

Häzirki wagtda bütin ýurtda soňky aýda çabgalardyr sil joşmalaryndan pida bolanlaryň sanynyň 140 adamdan agandygy habar berilýär.

Öň rekord derejedäki suw süýşgünleri sebäpli 200 müňden gowrak keniýaly ýaşaýan öýlerini terk etmeli bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň