«Türkmenpoçta» işewürler we hususyýetçiler üçin çaparçylyk hyzmatyny ýetirýär

11:3001.05.2024
0
10818

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy müşderilerine amatly çözgüdi — «Gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär.

Müşderiler indi poçta bölümlerine baryp wagt ýitirmezden, ibermeli ýollamasyny tiz wagtda alyja gowşuryp bilerler. «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň çapary iberijiden ýollamany kabul edip alyp, ony ygtybarlylyk bilen kabul edijä ýetirer.

«Türkmenpoçtanyň» ähli çaparlary degişli hyzmaty ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ýörite taýýarlyk geçýärler we özlerine ynanylan ýükleriň howpsuzlygy üçin doly jogapkärçilik çekýärler.

«Gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmaty — wagta we ygtybarlylyga ähmiýet berýänler üçin iň gowy çözgütdir. Bu öz gezeginde hususyýetçiler we işewürler üçin has-da oňaýlydyr.

Ýollamany, ýagny ýüki nirä eltip bermelidiginiň — öý, iş ýa-da başga bir ýerler, parhy ýok, çaparçylyk hyzmaty ony iň gysga wagtyň dowamynda gerekli ýerine, Türkmenistanyň islendik künjegine ygtybarly ýetirmek üçin ähli tagallalaryny eder.

Çapary şu salgylar boýunça sargyt edip bilersiňiz:

  • kompaniýanyň post.tm web saýtyndan;
  • şu telefon belgisi arkaly: (+993 12) 92 14 95;
  • «ÇaparPay» mobil goşundysyndan (Google Play we App Store internet dükanlarynda elýeterli).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň