Arhiw

Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Yslamabatda geçiriljek yklym ýaryşyna gatnaşar

10:3527.04.2024
0
7350

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 ― 17-nji maý aralygynda Pakistanda geçiriljek Aziýa ýaryşynyň bäşinji zonasyna gatnaşar. Bu ýaryşyň öňüsyrasynda Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Ahsan Wagan ýygyndy toparyň agzalaryny kabul etdi.

Häzirki wagtda Aziýanyň Woleýbol konfederasiýasynyň (AVC) 65 agzasy bar. Şeýle bolansoň, konfederasiýa yklym ýaryşyny bäş sebitde geçirýär. Türkmen ýygyndysy bu sebitleriň bäşinjisinde ― Merkezi sebitde (CAVA) ýaryşar. Bu sebit Günorta Aziýanyň 14 ýurduny, Eýrany hem-de Merkezi Aziýany özünde jemleýär. Onuň düzümine Eýran, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Şri-Lanka, Owganystan hem-de ýaryşy kabul ediji tarap hökmünde Pakistan girýär.

Ýaryş Yslamabat şäherindäki «Liaqat» sport zalynda geçer. Bu zala 10 müň tomaşaçy ýerleşýär. Duşuşyklar toparlaryň ählisiniň birek-birek bilen oýnaýan böleginde — ýeke-täk liganyň çäginde geçiriler.

Iň gowy iki toparyň arasynda geçjek final 17-nji maýda guralar.

Ilçi Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndy toparyny mübärekledi we nobatdaky ýaryşda uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň