Taliandda 30 adam yssydan heläk boldy

09:1101.05.2024
0
6733
Taliandda 30 adam yssydan heläk boldy
Surat: vm.ru

Taliandda 30 adam çakdanaşa yssydan heläk boldy, bu baradaky maglumaty Patyşalygyň Saglygy goraýyş ministrligi habar berdi diýip, «24KZ» ýazýar. Ýurtda termometriň sütünjigi apreliň başyndan bäri 40 gradusdan aşak düşmeýär.

Geçen hepdede Lampang şäherinde howa 44 gradus gyzdy. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, ýokary howa temperaturasy ýurduň merkezi we demirgazyk sebitlerinde şu hepdäniň ahyryna çenli dowam eder.

Ýerli ýaşaýjylara we jahankeşdelere açyk howada uzak bolmazlyk maslahat berilýär. Jokrama yssydan aýratyn hem köçede işleýänler hem-de öýsüzler ejir çekýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň