Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpiniň Täjigistana döwlet sapary meýilleşdirilýär

08:0021.05.2024
0
7737
Si Szinpiniň Täjigistana döwlet sapary meýilleşdirilýär
Surat: asiaplustj.info

Şu ýyl Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Täjigistana döwlet sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Duşenbede resmi sapar bilen bolýan hytaýly kärdeşi Wan I bilen duşuşygyň barşynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.

«Biziň gatnaşyklarymyzyň 2024-nji ýyldaky gün tertibinde esasy mesele Hytaý Halk Respublikasynyň hormatly Başlygynyň Täjigistana meýilleşdirilýän döwlet saparydyr» diýip, täjik daşary syýasat edarasynyň başlygy aýtdy.

Szinpin Duşenbede 2019-njy ýylyň iýunynda döwlet sapary bilen boldy we ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon bilen gepleşikleri geçirdi. Ol şonda täjik paýtagtynda geçen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň bäşinji sammitine hem gatnaşdy.

2023-nji ýylyň maýynda Rahmon Hytaýa döwlet sapary bilen baryp, döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitiniň birinji ýygnagyna gatnaşdy. Ol gepleşiklerden soňra Si Szinpini özi üçin amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy saparyň möhletiniň diplomatik ýollar arkaly ylalaşyljakdygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň