Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dunaý derýasynda iki gaýyk çaknyşyp, iki adam heläk boldy

10:3720.05.2024
0
7910

Dunaý derýasynda iki gaýyk çaknyşyp, iki adam heläk boldyWengriýada Dunaý derýasyndaky gaýyk çaknyşygynda iki adam pida boldy, bäş adam dereksiz ýitdi diýip, ýerli polisiýa salgylanýan «Associated Press» habarlar gullugy habar berdi. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.

Waka Budapeştden 50 kilometrlikdäki Wereçe ilatly ýeriň golaýynda boldy. Polisiýa bu ýerde ýaraly adamy, biraz soňrak erkek kişi bilen zenanyň jesetlerini tapdy diýlip, habarda aýdylýar.

Biraz soňrak hatardan çykan gaýygyň üstünden baryldy.

Häzir heläkçilikde ejir çeken diýlip çaklanýan bäş adam – üç erkek kişi bilen iki zenan gözlenilýär.

Wereçe etrabynda Dunaýyň giňligi 460 metr töweregi bolup, günorta tarap 90 gradus öwrüm edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň