Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Delide howa 48 gradus gyzdy

11:4021.05.2024
0
10738
Delide howa 48 gradus gyzdy
Surat: navigosha

Hindistanyň paýtagty Delide we onuň golaýyndaky etraplarda soňky günlerde howanyň derejesi 48 gradusa golaýlady. Bu barada ýurduň meteorologiýa gullugy habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

«Bu şu möwsümde hasaba alnan iň ýokary howa derejesidir» diýip, ady tutulan gullugyň habaryna bellenýär.

Häkimiýetler paýtagtda, şeýle-de Rajastan, Penjap, Uttar-Pradeş we Harýana ştatlarynda howa howplulygynyň iň ýokary – «gyzyl» derejesini yglan etdiler.

Yssy howa Hindistanda ýene azyndan bäş gün dowam eder diýlip, çaklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň