Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Güneşli Zaman” – gozgalmaýan emlägiň hereketlendirijisi

0
50264

Adatça, jaý satyn almak ýa-da kärendesine almak bilen baglanyşykly meseleler ençeme we alada döredýär, sebäbi her kim söwdada utulman, hut arzuw edýän zadyny satyn almak isleýär ahyryn. Üstesine hem ýaşamak üçin jaý ýa-da otag tapmak köplenç köp wagt we zähmet talap edýär.

Emma satylýan emlägi diňe görkezmek bilen çäklenmän, geleşigiň başyndan soňuna çenli doly goldaw berýän hünärmenlere ýüz tutulanda bu aladalaryň barysynyň biderekdigine göz ýetirýärsiň.  

Aşgabatda gozgalmaýan emläk agentlikleriniň birnäçesi bar. Biz sizi gozgalmaýan emläk bazarynda özüniň aýratyn çemeleşmesi bilen tapawutlanýan kompaniýanyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrmakçy.   

Gozgalmaýan emläk boýunça ussatlyk derejesine ýeten “Güneşli zaman” agentligi öz işine 2013-nji ýylyň ýanwarynda başlady. Agentligiň esaslandyryjysy hem-de hünärmenleriň yzygiderli tälim alandyklary we amaly tejribe toplandyklary sebäpli bu kärhana gozgalmaýan emläk bazaryny berk özleşdirdi.

Önümçiligi we işgärleri guramak üçin köp maýa goýum we yhlas edildi. Kem-kemden hukukşynaslygyň hem-de müşderiler bilen işlemekligiň tabyny alan topar emele getirildi.

Agentlik şu ugurlarda öz hyzmatlaryny hödürleýär:

  • gozgalmaýan emlägiň ähli görnüşlerini almak we satmak;
  • gozgalmaýan emlägi kireýine almagyň ähli görnüşleri;
  • ýokary hünär derejeli bilermenleriň maslahaty.

“Güneşli Zaman” agentligi gozgalmaýan emläkleriň esasan şu görnüşleri boýunça işleri alyp barýar :

  • ýokary amatlyklary bolan jaýlar; 
  • meýilnama boýunça gurlan jaýlar; 
  • standardart görnüşdäki kwartiralar; 
  • täjirçilik jaýlar.

Kompaniýa soňky döwürde işiniň gerimini giňeltdi. Gozgalmaýan emläk pudagynda köp ýyllyk tejribesini ulanyp, binagärleriň, bezegçileriň we gurluşykçylaryň hünär toparyny ýygnap, müşderileriň gaýtalanýan isleglerini göz öňünde tutup, kärhana aýratyn sargytlar üçin jaýlaryň, kottejleriň, binalaryň, willalaryň, taunhauslaryň gurluşygyny amala aşyrýar. Jaýyň taslamasy düzülende we bezeg işlerinde "Güneşli Zaman" özüniň iň talapkär müşderileriň isleglerini göz öňünde tutýar we olary üns bilen ýerine ýetirýär.

Kompaniýa ähli iş döwrüniň içinde 530 töweregi geleşikleri geçirdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň kompýuter bazasynda öz içine dürli gozgalmaýan emläge degişli  3600 obýekti alýan katalogy bar.

Kompaniýada marketinge, şol sanda hyzmatlaryň bazarda öňe sürülmegine itergi berýän mahabata hem uly üns berilýär.

"Güneşli Zaman" hyzmatlarynyň esasy artykmaçlyklary aşakdakylardan ybaratdyr:

  • Kompaniýa satyjylar we alyjylar bilen gönüden-göni işleýär, ýagny araçysyz. Munuň özi bolsa müşderiler üçin amatlylyk döredýär.
  • Agentligiň satmak we satyn almak boýunça hyzmatlary ilkinji nobatda müşderä oňaýly bolar ýaly edilip ýola goýulýar.
  • Ähli bahalar kesgitlenen bolup, kompaniýanyň işi düýbünden aç-açanlyga esaslanýar.

"Güneşli Zaman" agentliginiň hünärmeni ýüz tutulan güni müşderiniň ýanyna baryp, gozgalmaýan emlägiň takyk bazar bahasyny mugt kesgitläp berýär. Gozgalmaýan emläk obýektini satmak üçin hyzmatlary bermek barada şertnama baglaşylanda, işiň ilkinji gününden obýekti bazarda öňe sürmek üçin ähli gurallar ulanylar. 

"Güneşli Zaman" kompaniýasynyň gozgalmaýan emläk hünärmeniniň borçlary şulardan ybaratdyr:

  • teklipler  we islegler bazaryny öwrenmeklik;
  • müşderilere dürli meseleler boýunça maslahat bermeklik;
  • satyn almak, satmak ýa-da kärendesine bermek isleýän müşderiler üçin saýlar ýaly mümkinçilik döretmek;
  • baglaşyljak şertnamanyň şertlerini ylalaşmak;
  • geleşigiň hukuk taýdan “arassalygyny” barlamak, onuň kanunylygyny üpjün etmek;
  • gozgalmaýan emläk bilen bagly amallaryň resminamalarynyň dürs resmileşdirilmegi;
  • resminamalaryň hem-de tölegiň öz wagtynda tölenilmegini üpjün etmeklik;
  • satyjynyň we alyjynyň arasyndaky ylalaşyklaryň berjaý edilmegine gözegçilik;
  • müşderä ýerine ýetirilen işler hasabat bermeklik.

Gozgalmaýan emläk satyn alnanda geleşik mümkin boldugyça gysga wagtda gurnalýar.

Mundan başga-da, geleşik amala aşan ýagdaýynda her bir müşderä dürli görnüşli hyzmatlar üçin arzanladyş talonlary berilýär: logistika, arassalaýyş, Ýewropada öndürilen hojalyk harytlary, 3D wizuallaşdyrma, ýokary hilli mebel we restorana gitmek üçin sowgat şahadatnamasy.

Agentligiň salgysy: Oguzhan köçesi, «Nusaý Ýollary”.

Internet sahypasy: www.guneshli-zaman.com.

Telefon belgileri: (+993 12) 95-40-61; (+993 12) 95-40-62.

Elektron salgysy: guneshli_zaman@mail.ru.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar