Soňky habarlar

Arhiw

Hemişelik ýaşamak üçin jaýy nähili gurmaly: jaý üçin niýetlenen gurluşyk harytlaryny saýlamak

0
6939
Hemişelik ýaşamak üçin jaýy nähili gurmaly: jaý üçin niýetlenen gurluşyk harytlaryny saýlamak

Şäheriň gyrasyna göçmek karary anyk berilende, ilki bilen hemişelik ýaşaljak öýüň nähili guruljagy baradaky sorag ýüze çykýar. Gurluşyk üçin harytlaryň saýlanylmagy guruljak jaýyň eýesiniň isleglerine, onuň maddy mümkinçiliklerine, käbir ýerlerde bolsa bar bolan däplere  gönüden-göni bagly bolýar. Elbetde, ýaşaýyş jaýynyň guruljak ýer böleginiň topragynyň häsiýeti we ol ýeriň klimat şertleri hem göz öňünde tutulýar. 

Hususy jaýlaryň gurulmagy üçin häzirki wagtda hem däp bolan, hem täze tilsimatlar ulanylýar. Bularyň birini saýlamak üçin  uly göwrümli işleriň gidişinde we taýýar binanyň ulanylşynda nähili meseleleriň ýüze çykjagyny ara alyp maslahatlaşmaly. Şäheriň gyrasyndaky emlägiň gurluşygynda baý tejribä eýe bolan “Güneşli Zaman” hususy kärhanasynyň ökde hünärmenleri bu meseleleri özara maslahatlaşyp  size çözmäge kömek eder. 

Gurluşyk üçin harytlary saýlamagyň ölçegleri

• Ýylyň islendik paslynda-da öýüň ýaşamaga amatly bolmagy üçin, gurluşyk harytlary saýlanda onuň guruljak ýeriniň gyş paslynda ortaça temperaturasyny guruljak diwarlaryň we basyrgylaryň termoizolýasiýa häsiýeti bilen deňeşdirip göz öňüne alynmagy zerurdyr.

• Mundan başga-da, potensial öý eýeleriniň esasy bölegi öz ýaşaýyş jaýyny elektrik energiýasyny tygşytlaýjy görnüşinde gurmaga çemeleşýärler. Ýagny hem gyş hem tomus paslynda otaglarda amatly temperaturany pes çykdajylar bilen gazanmagy meýilleşdirýärler.

• Eger bina hereketli awtomobil şaýoluna ýa-da demirýol  geçelgelerine golaý ýerde gurulýan bolsa, daşardan gelýän seslere garşy netijeli böwet bolup hyzmat etjek gurluşyk harytlarynyň saýlanylmagy örän wajyp hasaplanylýar. 

• Ýaşaýyş jaýyň uzak wagt hyzmat etmegi, saýlanan gurluşyk harytlaryň berkligine gönüden-göni bagly bolýar. 

• Binanyň daşky görnüşi hem esasy roly oýnaýar. Şonuň üçin ilki bilen goşmaça timarlamany talap edýän ýa-da talap etmeýän gurluşyk harytlarynyň haýsysy has ýerlikli boljagyny kesgitlemek gerek. Şeýle-de gurluşyk harytlaryň baha elýeterliligi hem esasy ölçegleriň biridir.

Eger bulara garamazdan öýi gurmalymy ýa-da ýok diýen ikirjiňlenmäňiz aradan  aýrylmasa, “Güneşli Zaman” hususy gurluşyk kärhanasy size kömek edip biler. Kärhananyň hyzmatlarynyň sanawy diňe bir maslahat bermek bilen çäklenmän, eýsem gurluşyk harytlaryny iň amatly bahadan satyn almaga hem mümkinçilik berýär, sebäbi “Güneşli Zaman” gurluşyk harytlaryň önümçiligi boýunça ady belli daşary ýurt kärhanalary bilen hem hyzmatdaşlygy saklaýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar