Soňky habarlar

Arhiw

Akylly öý näme we ol nähili işleýär?

0
25465

Häzirki wagtda öý eýelerine durmuşyň ideal şertlerini döredýän döwrebap, amatly, jaýdar gurlan öýler rowaýat däl, indi ol hakykat. Iň täze tilsimatlaryň tagallasy bilen akylly öý dolandyrýan köp prosesler awtomatlaşdyryldy.

Akylly öý tilsimaty ABŞ-da, Ýewropada we Aziýada  eýýam uýgunlaşdy, we biziň ýurdumyzyň bazarynda indi kemala gelip başlady. Döwür bilen aýakdaş gidip, ýerli bazaryň talaplaryny göz öňünde tutup “Güneşli Zaman” kärhanasy  şahsy sargamalar boýunça öýleriň gurluşygyny amala aşyrýar, proýektde, şeýle-de öýleriň  we otaglaryň dizaýninde  dürli islegleri göz öňünde tutýarlar, sargyt beriji isleg bildiren ýagdaýynda "akylly öý"-üň talaba laýyk ulgamyny hem gurnap berýärler.

Akylly öý  - bu ilki bilen gündelik durmuş prosesleriniň howpsuzlygyny üpjün edip, elektrik  enjamlaryň işleýşini aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik döredýän tehniki serişdeleriň we programma üpjünçiliginiň toplumyna aýdylýar. 

Täze innowasion ulgamlaryň saýasynda “akylly öý” ulgamyny dolandyrmak üçin planşedi, öý kompýuterini, ýörite oturtma panelli pultlary ýa-da smartfony ulanmak mümkindir. 

Akylly öýüň esasy artykmaçlyklary aşakdaky wezipelerinde jemlenen:

1. Öýde howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin gözegçilik we sesli habar berme (signalizasiýa) öý eýesiniň ýaşaýyş jaýyna belli bir aralykdan gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär.

2. Yşyklandyryş – elektrik yşyklandyryjylarynyň amatly ýakylmagy, şeýle-de gurnalan programma boýunça onuň derejesiniň kadalaşdyrylmagy.

3. Islän wagtyň audio we wideo filmleri, tele gepleşikleri görmek maksady bilen ýazdyrmak programmalaşdyrylmasy, şeýle-de aýdym-saz merkezini, telewizory dolandyrmak mümkinçiliginiň berilmegi.

4. Ýylylyk, howa çalşygy, kondisionerleme: belli bir aralykdan ýakyp öçürmek aýratynlygy elektrik energiýasyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. 

5. Öý hojaýynynyň bellän wagtynda perdeler we žalýuzlar awtomatiki usulda açylyp ýapylýar.

Akylly öýi dolandyrmak ulgamy real wagt düzgüninde öýüň hem içini hem daşyny, öý eýesiniň bellän ölçeglerini yzarlamaga mümkinçilik döredýär. Bu ulgam adamlar toparynyň ýa-da ýeke adamyň gymyldy-hereketlerini anyklap bilýär, gurluşyň ähli binagärlik ulgamyny yzarlap, haýwanlaryň hereketine-de täsirlenýär. Islendik üýtgeşmelere täsirlenýän öňünden bellenen algoritmleri programma ýerine ýetirýär we emele gelen ýagdaýda iň derkar çözgüdi saýlap alýar. Mundan beýläk, öçürmegi unudylan ütügiň ýa-da islendik beýleki gündelik durmuş enjam meseläňiz taryhda galdy, gije oýanmak zerurlygyňyz ýüze çykan wagty bolsa akylly öý ulgamy bu aladany öz boýnuna alýar we awtomatiki usulda çyrany ýakýar. Robot-tozan sorujy we awtomatiki usulda işleýän ot gyryjylar ýaly rewolýusiýa taslamalary, mümkinçilikleri çäkli ýa-da ýaşy gatyşan adamlaryň durmuşyny birnäçe esse ýeňletdi. 

Şeýlelikde, akylly öý – bu ähli öý enjamlaryny birleşdirýän, dürli wezipeleri umumy topluma birleşdirýän çylşyrymly intellektual ulgam, howpsuzlyga, tygşytlylygy we ş.m. jogapkärçiliginde saklap, öýüň gündelik üpjünçiligine hem gözegçilik edýär. 

Şu salgylanma esaslanyp, “Güneşli Zaman” kärhanasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň ähli görnüşleri bilen tanşyp bilersiňiz.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar