Soňky habarlar

Arhiw

Gozgalmaýan emläk boýunça agentstwany nädip dogry saýlamaly

0
48314

Gozgalmaýan emlägi satyn almak hem-de satmak dessine amala aşmaýan köp hysyrdyly işlerdir. Ýaşaýyş jaýlaryny kireýne almak we wagtlaýyn ýaşamak maksady bilen gözlemek işine hem şu häsiýetler mahsus. Gozgalmaýan emläk bilen bagly meselelerde gürrüňiň uly göwrümli pul serişdeleri bilen baglydygy alyjylardan we satyjylardan oýlanyşyklylygy talap edýär. Bu meseleler ýekelikde çözmek üçin bolsa has köp wagt, güýç hem-de nerwi sarp edilip, gozgalmaýan emlägiň gözlegi birnäçe aýa we hatda ýyla çenli dowam edip biler.

Şonuň üçin-de gozgalmaýan emlägi satyjylaryň we satyn alyjylaryň aglabasy bu meseleleri degişli ugurly agentstwalaryň ýörite hünärmenlerine ynanmagyň amatlydygy hakynda netijä geldiler.

Gozgalmaýan emlägi satmak we satyn almak bilen bagly işleriň agentstwa ynanylmagy, ylaýta-da, müşderiniň bu meseleler bilen meşgullanmaga wagtynyň çäkli bolan ýa-da işiň ýuridik aýratynlyklaryndan baş çykarmaýan halatynda amatlydyr. Çünki hut şunuň bilen bagly wezipeleri agentstwa  öz üstüne alýar.

Rieltorçylyk agentstwasy müşderilere laýyk emlägi gözlemek bilen bir hatarda, emläk hakyndaky maglumatlary internet meýdançalarynda ýerleşdirýär we olaryň ýuridik esasyny, ýagny emlägiň girewe goýulmagy ýa-da döwletiň haýryna geçirilmegi bilen bagly maglumatlary barlaýar. Şeýle hem agentstwa gozgalmaýan emlägi satyn almak we satmak işlerini ýuridiki taýdan ýerine ýetirip, gerekli resminamalary toplamak hyzmatyny hödürleýär.

Gozgalmaýan emläk boýunça «dogry» agentstwa nähili bolmaly? Siziň ýaşaýyş jaýy satmak we satyn almak bilen bagly meseleleriňizde ygtybarly ýardamçy boljak agentstwa mahsus bolmaly birnäçe alamatlary sanap geçeliň.

Birinjiden, tejribe. Agentstwanyň döredilmegine näçe köp wagt geçen bolsa, ol şonça-da tejribelidir. Gözboýagçylar we tejribesiz hünärmenler beýle iş edaralaryna işe kabul edilmeýär ýa-da uzak wagtlap işläp bilmeýär. Şeýlelikde, agentstwanyň at-abraýy we alyp barýan işlerine ýazylan teswirler bilen jemgyýetçilik torlarynda hem-de müşderiler tarapyndan internet ulgamynda guralan forumlarda tanşyp bilersiňiz.

Ikinjiden, gowy agentstwanyň müşderileriniň sany agdyklyk edýär. Şeýle hem gowy agentstwanyň işgärleri häli-şinde öz üstünde işleýärler we ýörite okuwlara gatnap, tejribesini kämilleşdirýärler. Olaryň aglabasy hukuk biliminden gowy baş çykarýar.

Üçünjiden, gozgalmaýan emläk boýunça agentstwa müşderilere islendik meseläni we işi hukuk talaplaryna laýyk guraýar. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilen hyzmatlary, satlyk emlägiň bahasyny, hasaplaşyklaryň möhletini, söwdany gaýtarmagyň usullaryny öz içine alýan geleşikler baglaşylýar. Geleşik agentstwanyň direktorynyň goly bilen tassyklanylýar.

Öz başyna iş alyp barýan rieltorlardan tapawutlylykda, agentstwanyň işgärleri tarapyndan has giň hyzmatlar hödürlenilýär. Agentstwanyň zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda hukuk goraýjy edaralar bilen hem işleşmegi gozgalmaýan emlägiň resminamalarynyň hakykylygyny barlamaga ýardam berýär.

«Güneşli Zaman» – gozgalmaýan emläk bilen bagly hyzmatlary ýerine ýetirmekde türkmen bazarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri. Agentstwanyň müşderileriň arasynda oňyn häsiýetnama gazanmagyna hünärmenleriniň tejribelidigi we öz işlerini halkara talaplara laýyklykda guraýandyklary sebäp bolýar. «Güneşli Zaman» tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň sanawynda gozgalmaýan emlägi hususylaşdyrmak, mugt maslahat bermek, ähli geleşikleri ýuridik esasda ýola goýmak, gozgalmaýan emläkleriň ähli görnüşleri:hususy öýler, kottejler, täze gurulýan jaýlar, telekeçilik üçin binalar we beýlekiler barada giňişleýän maglumatlary toplamak bar.

«Güneşli Zaman» gozgalmaýan emläk bilen bagly işlerde özüni ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatdy. «Güneşli Zamanyň» işgärleri alyjylary gözlemek, resminamalary toplamak, ulag serişdeleriniň arzan bahaly hyzmatyny hödürlemek bilen täze jaýa göçmäge ýardam bermek, ýumşak mebelleridir öý-goşlaryny satyn almagy üpjün etmek, öýüň bezelig işinde 3D taslamasyny ornaşdyrmak ýaly wezipeleri dolulygyna öz üstüne almaga taýýardyr.

«Güneşli Zaman» müşderilere diňe bir satyn alyjylar we satyjylar barada maglumatlary ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hili hem-de dessinligi boýunça uly jogapkärçiligi öz üstüne alýar.

 

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar