Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şäheriň çetindäki öýüň interýeri: nähili stili saýlamaly?

0
22978

Şäheriň çetindäki jaýlaryň gurluşyk pudagynda häzirki zaman tehnologiýalary häzirki wagtda islendik sargytlar boýunça şäheriň çetinde gowy öý gurmaklyga mümkinçilik döredýär. Sargyt ediji gurluşyk kärhanasyna gelenden soň eýýäm nähili öý isleýändigini aklyndan geçirýär, nähili öý isleýändigini göz öňüne getirýär. Käbir sargyt edijiler daş öýlerini, käbirleri bolsa agaç, üçünjileri bolsa garyşyk görnüşine isleg bildirýärler. Öýüň owadan, amatly, mähirli we şol bir wagtda elýeter bahadan bolmagy örän wajypdyr. Üstesine-de hemme müşderileriň hemme isleglerini kanagatlandyrmak mümkin däldir. Sargyt edijiniň ideal islegine iň ýokary derejede ýakynlaşmak üçin şäheriň çetindäki öýleriň gurluşygynda kärhanalaryň ulanýan dürli gurluşyk tilsimatlary ulanýarlar. 

“Güneşli Zaman” kärhanasy – emläk boýunça hünärmenler biziň bildirişimiz üçin şäheriň çetindäki jaýlaryň görnüşi boýunça kiçiräjik “syýahat” gurnap berdi. “Güneşli Zaman” kärhanasy Türkmenistanyň bazarlarynda eýýäm 8 ýyldan bäri hereket edýändigini, emlägi satyn almak we satmak şeýle-de tabşyrmak meselelerinden başga-da jaýy açary bilen açaýmaly edip gurup bermek bilen hem meşgullanýandygyny ýatladýar.

Kärhananyň hünärmenleri şäheriň çetinde  ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny meýilleşdirmek basgançagynda ilki bilen onuň daşky arhitektura görnüşini kesgitlemegi wajyp hasaplaýarlar, sebäbi binanyň daşky tarapy öý eýeleriniň ýagdaý derejesiniň, olaryň statusynyň görkezijisi. Şäheriň çetindäki jaýlaryň görnüşleri özüniň köp dürlüligi bilen tapawutlanýar, bu bolsa köp adamlarda saýlamak meselesinde kynçylyk döredip bilýär.  Geljekki gurluşygyň keşbini kesgitlände diňe bir funksionallygyny däl, eýsem sargyt edijileriň şahsy isleglerini we halaýan zatlaryny hem göz öňünde tutmaklygy örän möhümdir. 

Şäheriň çetindäki klassiki jaý ugry hemişe aktual hasaplanylýar, bu ýerde üýtgäp durýan modanyň roly ýokdur. Häzirki zaman klassiki görnüş özüniň bir kemsiz simmetriýasy bilen tapawutlanýar. Oňa dogry deň ölçeglilik, ajaýyp göniburçlyk gurluşykly aýnalar degişli. Binanyň kämil geometriýasyna kolonnalar, diwardaky gyraňly çykgytlar, arkaly aýna we gapy ýerleri we portiklar nepislik goşýar. 

Modern görnüşindäki öý öňe çykýan ýa-da içe girip gidýän diwarlary bilen, nepis kolonnalary bilen, fantastiki nagyşlaryň barlygy bilen haýrana goýýar. Öň tarapyň bezegli böleginde köplenç aýal maşgalalaryň şekilleri ýerleşdirilen.

Nusgawy göni burçlar we çyzyklar bütinleý gurluşykdan aýrylmagy berk berjaý edilýär. Gurluşykda häzirki zaman materiallary – demir beton paneli, beton, aýna, metal ulanylýar.

Prowans fransuz görnüşi özünde orta ýer deňiz stilini özünde sazlaşdyryp jemleýär. Bu stil – öwüsýän deňiz şemalyndan goramak üçin niýetlenen galyň daş diwarlary, aşhanany we telär tomsuň jöwzasyndan halas edýär, köp eňňitli üçek güýçli ýagyşdan soň hem çyglylygy saklamaýar. 

Eklektika stilindäki şäheriň çetindäki öýler binalaryň simmetriýalylygy, köp sanly aýnalylygy we mansarda üçegi, şeýle-de hökmany suratda üçek äpişgesi we beýik merkezi basgançaklylygy bilen häsiýetlendirilýär. 

Wiktorian ruhundaky kottejleri häzirki zaman materiallardan öňde baryjy enjamlaryň ulanylmagynda gurluşygy amala aşyrylýar. Düzgün boýunça, öýüň öň bölegine girýän fronton bilen ýetirilen assimetriki şekilli öýdür. 

“Güneşli Zaman” kärhanasynyň gurluşyk bölümi şäheriň çetindäki kottejleri gurup bermeklige ýöriteleşdirilen. Kärhananyň taýýar proýektleriň öz portfoliosy bar, şeýle-de olar sargyt edijiniň islendik isleglerini gör öňünde tutup, jaýyň proýektiniň çyzyp we gurup bilýär.

Netijede jemläp aýtsak, şäheriň çetinde jaý gurluşygyna başlamazdan öň örän köp sanly meseleleri çözmek zerurdyr, olaryň esasysy geljekki öýüň arhitektura görnüşini takmyny kesgitlemek, sebäbi hut şonuň esasynda materiallar, aýnalaryň ölçegi, jaýyň öň tarapynyň bezegi we ş.m. saýlanylýar. Tejribeli kärhana ýüz tutmaklygyň özi bu prosesi ep-esli derejede ýeňleder we saýlamak üçin örän köp görnüşleri hödürlär.  

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar