Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda indi onlaýn tertipde ýerine ýetirip bolýan hyzmatlar

0
110640

Häzirki wagtda dünýäniň aglaba ýurtlarynda raýatlara berilýän hyzmatlar online tertipde hödürlenip başlandy. Hyzmatlaryň onlaýn teripde hödürlenmegi – hakyky wagt tertibinde oturan ýeriňizden günüň islendik wagtynda internet ulgamyna çykyşy bolan kompýuter ýa-da ykjam enjamlaryň üsti bilen dürli hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiligini döredýär. Biziň ýurdumyzda hem hödürlenýän onlaýn hyzmatlaryň sany günsaýyn artýar. Olardan birnäçesini şu makalamyzda agzap geçeris.

 

1. Gazetler we žurnallary okasyňyz gelýärmi? https://metbugat.gov.tm – bu saýtda gazetleri, žurnallary, kitaplary okap we özüňize alyp bilersiňiz. Şeýle hem Türkmen Döwlet neşirýat gullugyna degişli hyzmatlar barada maglumat alyp bilersiňiz.

 

2. Ykjam telefonyňyzyň hasabyny doldurmak isleýärsiňizmi? Tmcell.tm web saýtyndan, “Tmcell töleg” ykjam programma üpjünçiliginden, banklaryň “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

 

3. Öý telefonyň, IPTV hyzmatynyň hasabyny bolsa http://agts.tv/, “Agts” ykjam programma üpjünçiligi, şeýle hem banklaryň “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary arkaly dolduryp bilersiňiz.

 

4. Gijäň ýary internet üçin töleg etmelidigi ýadyňyza düşdümi? Bu barada aýratyn wideo görnüşimiz we makalamyz bar. Olar bilen şu salgylarda tanşyp bilersiňiz.

 

5. Bankdan karz aldyňyzmy? Karz we onuň göterimleriniň tölegini elbetde “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlarynyň üsti bilen onlaýn tertipde ýerine ýetirip bilersiňiz.

 

6. Ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleri mydama berjaý edilmelidir. Ýol düzgünlerini bozan halatyňyzda PÝGG tarapyndan ýazylan jerimeleri “PÝGG jerime töleg” ykjam programma üpjünçiligi arkaly töläp bilersiňiz. Bu barada içgin öňki makalalarymyzda we wideomyzda gürrüň beripdik.

 

7. Dükan ýa-da bazara gidip söwda etmek indi hökman däl. Çünki söwdany indi “Nesip etsin” ykjam programma üpjünçiligi arkaly online görnüşde edip bolýar. Programmada onlaýn dükanlar bar. Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary amatly, eltip berme hyzmaty hem bar.

 

8. Talyplar üçin gowy täzelik! Okuwyňyzyň tölegini banka barmazdan Halkbankyň “Talyp tölegi” hyzmaty arkaly ýerine ýetirip bilersiňiz.

 

9. Ýurdumyzda bolup geçýän ähli täzelikleri gyzgyny bilen okasyňyz gelýärmi? Iň täze, iň gyzykly we iň ygtybarly habarlary onlaýn görnüşde günüň islendik wagtynda “Türkmenportal” habarlar portalynda okap bilersiňiz. Habarlar 3 dilde çap edilýär. Gysga wagtyň içinde meşhurlyga eýe bolan “Türkmenportalda” diňe habarlary däl, eýsem gyzykly makalalary, afişalary hem tapyp okap bilersiňiz.

 

10. Eger-de siz iýmit sargyt etmegiň ýa-da satyn almagyň aňsat usulyny gözleýän bolsaňyz, “Dostawka.Bar” onlaýn platformasyndan peýdalanyp bilersiňiz!

“Dostawka.Bar” platformasy her gün ýurduň dürli ýerlerini öz hyzmatlary bilen üpjün etmegiň ýollaryny we müşderiler üçin amatly bolan mümkinçilikleri gözleýär. 

Müşderiler üçin hödürlenilýän hyzmatlaryň hatarynda edara-kärhanalar bilen-de hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. 

"Dostawka.Bar" platformasynynyň aýratynlygy bolsa onyň esaslandyryjylary gündelik bu programmany ulanyjylaryň teswirleriniň we erkin pikir-garaýyşlarynyň esasynda bu programmany has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar.

 

 

11. Boş wagtyňyzy peýdaly geçirmek isleýärsiňizmi? Onda siz üçin “Türkmenportalda” peýdaly wideolar bölümi hem döredildi. Täze döredilenine garamazdan, wideonyň tomaşyçylar auditoriýasy günsaýyn artýar, wideolaryň yzygiderli we dowamly bolmagy barada teklipler gelip gowuşýar. Wideolarda sowgatly baýraklar hem bar, olary sypdyrmaň! Belki siz hem baýraklaryň eýesi bolup bilersiňiz.

 

12. Aýdym-saz diňlemäni halaýarsyňyzmy? “Tmcell sazz” ykjam programma üpjünçiliginden peýdalanyp bilersiňiz. Programmany “PlayMarket” ýa-da “AppStoredan” alyp bilersiňiz. Bu ýerde aýdym-saz kitaphanasy örän uludyr.

 

13. Peýdaly sapaklar we wideolary şu ýerde https://turkmentv.gov.tm/getShow/188, şeýle hem https://turkmentv.gov.tm saýtynda göni ýaýlym wideolary, multfilmleri we aýdym-sazlary görüp bolýar.

 

14. Siz buhgaltermi? Onlaýn tertipde tölegleriňizi ýerine ýetirmek isleýärsiňizmi? “Rysgal” PTB öz müşderileri üçin “Internet-bank” hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmatyň adaty “Internet-bankdan” tapawudy – ýuridiki şahslar üçin niýetlenen bolmagy. “Rysgal” PTB-niň müşderileri indi banklyk buhgalteriýa işlerini oturan ýerlerinden onlaýn tertipde ýerine ýetirip bilýärler.

 

15. Dynç günleri maşgalaňyz bilen ýa-da dost ýarlaryňyz bilen gezelenç etmäni halaýarsyňyzmy? Nirä gitmeli? Nirede näme bolýandygy barada maglumatyňyz ýokmy? Onda size “Türkmenportal”  web saýtynyň “Afişalar” bölümi ýardam berer. Ol ýerde siz paýtagtymyzda we beýleki şäherlerde bolýan çäreler barada maglumat alyp bilersiňiz.

 

16. Siz telekeçimi? Dükanyňyz, söwda nokadyňyz barmy? Söwdaňyzy artdyryp, müşderileriňiziň sanyny giňeltmek isleýärsiňizmi? Onda “Ak tam bazary” web saýtyndan ýa-da “Ak tam bazary” ykjap programma üpjünçiliginden peýdalanyp bilersiňiz. “Ak tam bazary” – onlaýn dükanlaryň jemlenen platformasy. Öňler bu saýtda diňe gurluşyk harytlary hödürlenýän bolsa, häzirki wagtda bu ýerden islendik haryt we hyzmatlary tapmak bolar. Dükanyňyzy “Ak tam bazaryna” ýerleşdirdiňizmi? Platformada dükanlaryň sany günsaýyn artýar, haryt we hyzmatlarda yzygiderli aksiýalar bolýar. “Ak tam bazarynda” dükanyňyzyň internet sahypasyny açmak mugt. Bu ýerde islendik adam internet arkaly söwda edip biler.

 

17. Barjak ýeriňizi saýladyňyzmy? Teatra ýa-da sirke gitmekçimi? Onda size Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýola goýlan “Türkmen teatrlary" ykjam programma üpjünçiligi kömek eder. Ulgamyň web saýt görnüşi hem bar. Oturan ýeriňizden teatrlar üçin petekleri, oturjak ýeriňizi, sahna barada maglumatlary alyp bilersiňiz.

 

18. Uçarda uçmagy meýilleşdirýäňizmi? “Türkmenhowaýollarynyň” web saýtyndan onlaýn petek satyn alyp bilersiňiz.

 

19. Ýaňy ýakynda çykan demirýollaryň wip wagonlary barada wideomyzy gödüňizmi? Sypdyrmaň! Şu salgydan görüp bilersiňiz. Eger-de demir ýol üçin petek satyn almak isleseňiz, “Türkmendemirýollarynyň”  web saýtyndan ýa-da ykjam programma üpjünçiliginden peýdalanyp bilersiňiz.

 

20. Biometriki pasport almak isleseňiz, arzany Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web saýtynda dolduryp ýüz tutup bilersiňiz. Saýtda arzanyň ýagdaýy barada maglumaty (statusyny) bilmek mümkinçiligi hem bar. Web saýda girip barlap görüň.

 

21. Boş wagtlaryňyz onlaýn teleýaýlymlara tomaşa etmek isleýärsiňizmi? Altyn asyr Mobile TV ykjam programma üpjünçiligini “PlayMarket” ýa-da “AppStoredan” indirip, telefonyňyza gurnap bilersiňiz.

 

Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar