Soňky habarlar

Arhiw

“P.Ý.G.G. jerime töleg” ykjam programma üpjünçiligi

10
59978

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, raýatlara hödürlenýän elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. “Türkmenportal” öz okyjylary üçin ýaňy ýakynda awtoulag sürüjileri üçin niýetlenip taýýarlanan “P.Ý.G.G. jerime töleg” atly ykjam programma üpjünçiligi barada giňişleýin gürrüň bermegi makul bildi.

P.Ý.G.G. jerime töleg programmasy näme?

Ýol hereketinde goýberilen ýalňyşlyklar sebäpli polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan sürüjilere ýazylan jerimeleriň töleglerini internet arkaly hakyky wagt tertibinde (“online” görnüşde) tölemek mümkinçiligini döretmek.

Programmany nädip gurnamaly?

Programma “akylly” ykjam telefonlar üçin niýetlenip, ony “Google play”-dan internet arkaly alyp gurnap bolýar. Apple enjamlary üçin IOS operasion ulgamyna niýetlenen programmasy bolsa iň ýakyn wagtda “Appstore” goýular.

Programmanyň amatly taraplary

  1. Hakyky wagt tertibinde töleg geçirmek mümkinçiligi;
  2. Töleg kassalaryna baryp nobata durmak üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagy;
  3. Tiz, ygtybarly we amatly.

Jerime boýunça tölenen tölegiň geçendigi nädip tassyklanýar?

Töleg geçirilenden soň sürüjiniň telefon belgisine ýörite SMS habary gelýär. Şol SMS habary PÝGG-niň işgärine görkezilýär.

Goşmaça sorag ýüze çyksa, PÝGG-niň işgäri öz aragatnaşyk ulgamy arkaly töleg barada maglumaty anyklap bilýär.

 

Programma arkaly töleg etmek üçin nämeler zerur?

  1. “Akylly” ykjam enjamy (smartfon, planşet) we onuň internete birikdirilen bolmagy;
  2. “Altyn asyr” bank kartynyň maglumatlary;
  3. “Altyn asyr” bank kartynyň CVC kody;
  4. “Altyn asyr” bank kartyna SMS habar hyzmatynyň birikdirilen bolmagy.

 

Programmadan peýdalanmak boýunça gözükdiriji.

  1. Programma açylan badyna telefon belgi soralýar. Bu setire telefon belgiňizi ýazyp, “Dowam” düwmesini basyň. Görkezen telefon belgiňize SMS habary arkaly programma girmek üçin bir gezeklik açarsözi iberilýär.
  2. Soňra “Açar söz” atly penjire açylýar. Bu penjirede telefon belgiňize iberilen açarsözi ýazyp, “Tassykla” düwmesini basyň. Yzy ýany esasy sahypa açylýar. Programmanyň interfeýsi ýönekeý, menýulary düşünikli. Esasy sahypa iki menýudan ybarat: “Töleg geçirmek” we “Töleglerim”.
  3. Adyndan belli bolşy ýaly, “Töleglerim” menýusynda tölegleriň taryhy görkezilýär. Menýuda jerimeler boýunça tölenen tölegleriň senesi, mukdary we geçip-geçmändigi barada maglumat görkezilýär. Islendik tölegiň üstüne basmak bilen, jerime boýunça giňişleýin maglumaty alyp bolýar.
  4. “Töleg geçirmek” menýusynyň üsti bilen PÝGG tarapyndan ýazylan jerimeler üçin internet arkaly hakyky wagt tertibinde töleg geçirilýär. Bu menýuda kararyň belgisi, jerime mukdary ýaly zerur setirler doldurylýar. Soňra bank kartynyň maglumatlary we CVC kody girizilýär, şeýlelikde töleg amala aşyrylýar. Az salymdan töleg geçendigi barada maglumat SMS habar arkaly telefon belgiňize gelýär.
  5. Mundan başga-da, programmada “Sazlamalar” düwmesi bar. Bu penjirede ulanyjynyň telefon belgisi, programmanyň wersiýasy görkezilýär we ulgamdan çykmak üçin düwmesi ýerleşdirilen.

“Altyn asyr” bank kartlarynyň CVC koduny bilmek boýunça gözükdirijini öňki wideolarymyzdan öwrenip bilersiňiz.

“P.Ý.G.G. jerime töleg” ykjam programma üpjünçiligi barada taýýarlanylan wideony sypdyrmaň!

Soraglaryňyz bar bolsa info@turkmenportal.com poçtamyza salgylanyp bilersiňiz.

                                                                                        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Terkesh01 ( 02.03.2020 )

Programmañ nahili işletmelisi düşünikli ýone başga birzady düşüniksiz egerde maña PYYG işgari jerime ýazanda, maña wagytlaýyn sürüjilik şahadatnama berýär we meñ hakyky süjülik şahadatnamamy alyp galýar. Egerde men programmañ üsti bilen töleg gecirsem men kimden we nireden öz sürüjilik şahadatnamamy almaly?

563
Doktor ( 07.03.2020 )

Señ surijilik şahadatnamañy şu prog. usti bilen töleg geçireniñi görkezeniñden soñ şol ýerde yzyna bermeli

561
Doktor ( 07.03.2020 )

Şu programmanyñ işleýänligini welaýat etraplarynyñ PÝGG-nyñ işgärleriniñ dykgatyna ýetirseler has gowy bolardy.Bolmasa programmanyñ üsti bilen ýazylan jerimäni töläp görkezseñ hem ynanman(hatda saklan PÝGG-nyñ işgäri şular ýaly prog. barlygyny hem bilenok) sürüjilik şahadatnamany yzyna bermejek bolýalar.

558
Zairbek ( 12.08.2020 )

Мне прислали фото ,где я нарушил правило ПДД статьи 214/1 части 1 (стоянка запрещена до 5-ти минут) как сотрудники ГДНС определили время моей стоянки , которая длилась 1- у минуту ...?

557
soyegow2011 ( 19.08.2020 )

Напишите пожалуйста статью про автомобилей, какие легковые автомобили не дозволены для эксплуатации в городе Ашхабад? Гос автоинспекция не оформляет купленные машины в примере: двухдверные опель виты, даево тика с объемом мотора 0.8 ..хотелось бы узнать от имени многих граждан, какие легковые автомобили они не оформляют купли-продажи и технический не осматривают (техосмотр-то есть не проходят тех осмотр). Просим от имени нескольких граждан связаться с ГАИ проконсультироваться и написать статью

557
DurdYMERET ( 26.08.2020 )

Надеюсь самы гаишники знают что есть такая программа

558
ezizh ( 27.08.2020 )

Bu programmada tölenen jerime (meselem: wideogözegçilik radar), tölenen karar belgi türkmenpost.gov.tm saýtynda hasaba alynan bolsa, bu saýtda tölendi hasaba awtomat özi geçyärmi?

559
aleksandr12 ( 13.03.2021 )

Başga adamada pul töläp bolarmyka,eger surujiniň telefony ýok bolsa ýada prostoý telefon bolsa

566
Meňzeş makalalar