Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Internet-bank hyzmaty näme?

0
35632

Internet ulgamyna çykyşy bolan ähli kompýuterlerden islendik wagtda we islendik ýerde uzak aralykdan bank hyzmatlaryndan we degişli hasaplardan peýdalanmak mümkinçiligini berýän hyzmat.

Internet-bank hyzmaty bank kartyna baglanan bolup, web brauzerleriň üsti bilen ýa-da ýörite mobil programmalardan girilýär.

Internet-bank hyzmatyndan peýdalanmak üçin näme etmeli?

Internet-bank hyzmatyndan peýdalanmak üçin, bank kartyňyz haýsy banka degişli bolsa, şol banka Internet-bank ulgamyndan hasap (akkaunt) açmak boýunça arza ýazmaly.

Belli wagtdan soň, degişli bankyňyz Internet-bank ulgamyna girmek üçin arzada görkezen mobil telefonuňyza ulanyjy adyňyzy, açarsözüňizi iberer we girmek üçin salgy berer.

Internet-bank hyzmatyndan nädip peýdalanmaly?

Kartyňyz haýsy banka degişli bolsa, şol bankyň web saýtyna girmeli ýa-da bankda berlen internet salgydan peýdalanmaly.

Internet-bank hyzmatynyň nähili mümkinçilikleri bar?

Internet-bank hyzmatynyň kömegi bilen islendik wagtda we islendik ýerde internet arkaly mobil telefon, öý telefon, IP TV, internet, karz üçin we beýleki tölegleri edip bolýar.

Internet-bank hyzmaty bank kartyna baglanan bolýandygy sebäpli, hasabyňyzyň galyndysyny we bank kartyňyz boýunça ähli hereketleri (tölegler, girdeji we ş.m.) senesi we wagty bilen birlikde jikme-jik görüp bilersiňiz.

Şeýle-de Internet-bank hyzmatynyň ýeňillikleriniň ýene-de bir usuly bolsa, bu ulgamda tölegler boýunça nusgalary (şablonlar) döredip bolýanlygydyr.

Mysal hökmünde, öý telefonyna töleg etmek üçin, töleg boýunça bir gezeklik nusga döredip, döredilen nusgany her aý ulanyp bolýar.

Nusgalar töleg tölemekde amatlylyk döredýär, sebäbi töleg tölenjek ýeri, mukdary taýýar bolýar we diňeje tölemek düwmesine basaýmak galýar. Şeýle hem, töleg boýunça nusgalary awtomatlaşdyryp, belli wagtda işlär ýaly ýumuş hökmünde girizip bolýar. Mysal üçin, her aýyň 1-ine öý telefony üçin belli mukdarda töleg tölemek.

Internet-bank hyzmatynyň iň amatly taraplarynyň biri – hakyky wagt tertibinde, islendik ýerde, internete bagly islendik kompýuterden tölegleri etmek. Mysal üçin, gijäň ýary mobil telefonuňyzyň hasabyny doldurmak zerurlygy ýüze çyksa, şol wagtda töleg terminallaryny ýa-da bankomatlary gözlap ýörmän, oturan ýeriňizden Internet-bank hyzmatyny peýdalanyp töleg etmek bolar.

Internet-bank hyzmaty bilen Mobil-bank hyzmatynyň tapawudy näme?

Mobil-bank hyzmatynyň Internet-bank hyzmatyndan esasy tapawudy – ykjam telefonlar we planşetler üçin niýetlenen ýörite mobil programma arkaly işlemegi.

Internet-bank ulgamyna web brauzerler arkaly girilýän bolsa, Mobil-bank ulgamyna ýörite mobil programma arkaly girilýär.

Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar