Russiýa Aýa kiçi kuwwatly atom elektrik bekedini eltmekçi diýip, ýurduň birinji wise-premýeri Denis Manturowa salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
«Ilki ähli tehnologiýalary Aýda ornaşdyrmak, soňra aňryk, beýleki planetalara süýşmek gerek. Hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen tehnologiýalary işläp düzmekde bekedi energiýa bilen üpjün etmegimiz gerek. Gürrüň Aýda biziň kiçi kuwwatly atom elektrik bekedini ýerleşdirmegimiz barada barýar» diýip, Manturow Peterburg Halkara Energetika forumynyň öňüsyrasynda aýtdy.
Manturowyň sözlerine görä, Russiýa ilki Aýy we Wenerany öwrener, soňra Mars barada pikirlense bolar. Deslapky maksatnamalara laýyklykda, halkara Aýy öwreniş bekedi 2035-nji ýylda dörediler.
Geçen ýylyň ahyrynda «Roskosmos» edarasy ýadro energiýa enjamyny Aýa 2033-2035-nji ýyllarda eltmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.