Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýada «Si Szinpiniň halaýan ganatly sözlerini» görkezerler

12:0914.06.2025
0
18919
Merkezi Aziýada «Si Szinpiniň halaýan ganatly sözlerini» görkezerler
Surat: Rg.ru

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň iri habar beriş serişdeleri 16-njy iýunda Hytaýyň mediakorporasiýasynyň «Si Szinpiniň halaýan ganatly sözleri» atly teletaslamasyny görkezip başlarlar.

Taslama HHR-iň Başlygynyň Gazagystanda geçjek «Merkezi Aziýa-Hytaý» ikinji sammitine gabatlanandyr diýip, «rg.ru» habar berdi.

«Si Szinpiniň halaýan ganatly sözleri» atly gepleşigiň halkara nusgasy gadymy hytaý şygyr we proza eserlerinden alnan meşhur ganatly jümlelerden durýar, olary Hytaýyň Lideri halkara hyzmatdaşlygy, ylmy-tehniki ösüş, medeni innowasiýalar we ş.m. temalar boýunça öz çykyşlarynda, makalalarynda we gürrüňdeşliklerinde ulanypdyr.

«Si Szinpiniň halaýan ganatly sözleri» atly gepleşigi Gazagystanyň halkara «Silk Way», «Habar», «Atameken Biznes» teleýaýlymlary, Gyrgyzystanyň Milli teleradiokorporasiýasy, Täjigistanyň «Jahonnamo» döwlet habarlar we jemgyýetçilik teleýaýlymy, «Howar» milli habarlar agentliginiň saýty, «Türkmenistan» täzelikler portaly, Özbegistanyň «Ýaşlor» teleýaýlymy, Merkezi Aziýanyň beýleki mediaplatformalary görkezerler.

Bu gepleşigiň sebit ösüşine we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyga ýardam berjekdigine ynam bildirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň