Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oturan ýeriňizden internet üçin tölegi nädip tölemeli?

1
59070

Göz öňüne getiriň, öýde otyrsyňyz, birdenem hasabyňyzda serişde ýoklugy sebäpli internetiňiz öçdi. Sagat hem giç we kassa baryp bolanok. Näme etmeli?

Ine şu makalamyzda internet ulanyjylaryny gyzyklandyrýan bu soragy jogaplarys, ýagny oturan ýeriňden telefon ýa-da kompýuteriň üsti bilen öýlerdäki internet üçin tölegleri nädip töläp bolýanlygy barada gysgaça gürrüň bereris.

Ilki bilen, tölegleri hakyky wagt tertibinde (onlaýn görnüşde), oturan ýeriňden we nagt däl görnüşde tölemegiň amatlyklaryny agzap geçeliň:

  • Degişli kassalara baryp, nobata durmak zerurlygyň aradan aýrylmagy;
  • Günüň islendik wagtynda (24/7) töleg etmek mümkinçiliginiň bolmagy;
  • Soňky çykýan tehnologiýalary peýdalanmak arkaly kompýuter sowatlylygyň artmagy.

Bellik: aşakdaky ädimleri ýerine ýetirmek üçin bank kartyňyz bolmagy, oňa SMS-habar hyzmatynyň birikdirilen bolmagy, bank kartyňyzyň CVC kody hem-de kompýuter ýa-da ykjam enjamyňyzyň internete birikdirilen bolmagy zerur.

Häzirki wagtda raýatlarymyz üçin hakyky wagt tertibinde onlaýn tölegleri amala aşyrmak üçin birnäçe amatlyklar döredildi. Internet üçin tölegleri oturan ýeriňizden şu aşakdakylaryň üsti bilen töläp bilersiňiz:

1.“Internet-bank” hyzmaty: “Internet-bank” hyzmaty barada giňişleýin öňki ýazan makalalarymyzyň üsti bilen tanyşyp bilersiňiz. “Internet-bank” ulgamynyň “Tölegler” menýusynda ýörite internet üçin töleg ýazgysy ýerleşdirilen. Degişli ýazgyny saýlap, internetiňiziň prowaýderini (AŞTU ýa-da “Türkmentelekom”) saýlamaly, zerur maglumatlary girizip (şertnama belgisi we/ýa-da telefon belgi we ş.m.), töleg ediljek pul mukdaryny ýazmaly. Töleg geçmezden öň siziň amalyňyzy tassyklamak we hakykylygyny barlamak üçin telefon belgiňize SMS habary geler, şol SMS habardaky tassyklaýjy kody girizmek bilen hakyky wagt tertibinde tölegi töläp bilersiňiz.

2.“Mobil-bank” hyzmaty: bu hyzmat barada hem makalalarymyzda giňişleýin agzap geçipdik. “Internet-bank” hyzmatyndan tapawutlylykda bu hyzmat ykjam programma üpjünçiligi hökmünde işleýär we ykjam telefon we planşetler üçin niýetlenen. Töleg ädimleri edil “Internet-bank” hyzmatyndaky ýalydyr. Şeýle hem, “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlarynda tölegleri awtomatlaşdyrmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandygy barada habar berýäris.

3.AŞTU: AŞTU-nyň web saýtynda her öý telefony üçin şahsy otag bar. Bu barada AŞTU-nyň resmi web saýtynda okap bilersiňiz. AŞTU-daky şahsy otagyňyza girip, AŞTU-nyň hödürleýän interneti üçin tölegi kart maglumatlaryňyzy girizmek arkaly töläp bilersiňiz. AŞTU-nyň ykjam telefon we planşetler üçin programma üpjünçiligi hem bardygyny ýatladýarys.

4.“TMCell töleg” ykjam programma üpjünçiligi: bu programma üpjünçiligini bilmeýän ýok bolsa gerek. Munuň üsti bilen diňe TMCELL aragatnaşygy däl, eýsem “Türkmentelekomyň” hödürleýän interneti üçin hem töleg etmek mümkindir.

Siz hem internetiňiz üçin tölegi hakyky wagt tertibinde oturan ýeriňizden töleýärsiňizmi? Nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryndan peýdalanýarsyňyzmy? Jogaplaryňyzy biziň poçtamyza iberiň.
Bulardan başga-da internet üçin tölegleri tölemek görnüşlerini bilýän bolsaňyz biz bilen paýlaşyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar