Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bank kartyny nädip açdyrmaly?

0
22958

Bank kartyny açdyrmak üçin hökman bir ýerde işlemelimi? Nagt däl görnüşde hasaplaşmak üçin bank kartyny nädip we nireden açdyryp bilerin? Bank kartynyň haýsy görnüşini açdyrsam bolar? Nagt pulumy bank kartyna salyp bilerinmi? Bank kartymy nirelerde ulanyp bilerin?

Şu we beýleki soraglary makalamyzyň bu gezekki sanynda jogaplarys, şeýle hem okyjylarymyza “Goýum” bank karty barada ýene bir gezek gürrüň bereris.

Aýdalyň, dükana, bazarlara, ýangyç guýujy beketlerine bardyňyz we töleg terminalynyň üsti bilen, ýagny bank kartyny ulanmak arkaly hasaplaşmak isleýärsiňiz, emma bank kartyňyz ýok, näme etmeli?

Ýa-da soňky döwür meşhurlyga eýe bolan onlaýn töleg etmekçi bolsaňyz, meselem, onlaýn petek aljak bolsaňyz bank karty gerek, siz bolsa hiç ýerde işläňizok. Şeýle ýagdaýda bank kartyny açyp bolarmy we nädip açmaly?

Şular ýaly ýagdaýlarda ýurdumyzyň islendik raýaty islendik bankyna ýüz tutup, bank kartyny açdyryp biler. Bank kartyny açdyrmak üçin pasportyňyz we onuň nusgasy zerur. Bank karty birnäçe günde taýyn bolar.

Bank kartlarynyň birnäçe görnüşleri bar: aýlyk bank karty, “Goýum” bank karty, “Maşgala” bank karty, “Karz” bank karty we ş.m.

Bu kartlar barada makalalarymyzyň öňki sanlarynda ýazypdyk. Olaryň salgylaryny şu makalamyzyň ahyrynda goýarys.

Işläp-işlemeýändigiňize garamazdan, ähli tarapdan amatly, puluňyzy netijeli ulanyp boljak “Goýum” bank kartynyň aýratynlyklary barada gysgaça aýtsak, şulardan ybarat:

  • Ýyllyk peýda göteriminiň bolmagy (6%-7% banka görä üýtgeýär);  
  • Islendik möçberde nagt pullaryňyzy karta salyp bilersiňiz;
  • Nagt pullaryňyzy islän wagtyňyz bankomatlardan ýa-da kassadan alyp bilersiňiz;
  • Bankdan alan karzyňyzy we oňa degişli göterim tölegleriňizi nagt däl görnüşinde geçirip bilersiňiz;
  • Telefon, internet, IPTV we beýleki hyzmatlar üçin tölegleriňizi nagt däl görnüşinde geçirip bilersiňiz;
  • Söwda merkezlerinde, jemgyýetçilik-iýmiti ýerlerinde satyn alan dürli harytlaryňyz we hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyryp bilersiňiz;
  • “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryny birikdirip bilersiňiz;
  • Islendik onlaýn tölegleri ýerine ýetirip bilersiňiz.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar