Türkmenistanyň ähli banklarynda “Goýum karty” atly täze hyzmat hödürlenýär. “Goýum karty” näme we beýleki kartlardan tapwutlyklary barada gürrüň bereris.
“Goýum karty” näme?
“Goýum karty” - "Altyn Asyr" kart ulgamyna degişli täze kart.
“Goýum kartynyň”esasy aýratynlygy näme?
Onyň esasy aýratynlygy – karta nagt pul goýup bolmagy. Beýleki kartlara nagt pul goýup bolanok.
“Goýum kartyna” çäklendirilmedik möçberde nagt pul serişdeleri goýmaga mümkinçilik bardyr. Gerek bolan ýagdaýynda bolsa islendik wagtda ähli möçberini bankdan yzyna nagt görnüşinde almaga mümkinçilik bardygyny Türkmenistanyň banklarynyň web saýtlary habar berýär.
Beýleki kartlardan “Goýum kartynyň” tapawudy näme?
Esasy tapawudy onuň ýyllyk göterimi 6%. Bu göterim bankdan banka görä üýtgäp biler. Bu diýmek, takmynan, aýda kartdaky bolan galyndysyna (pulyna) 0.5% serişdesi (puly) artýar. Mysal üçin, 1 aý kartyň içinde 1000 manat bar bolsa onda aýyň ahyrynda takmynan, ol galyndy 5 manat artar.
Aşakdaky suratda “Goýum karty” bilen “Aýlyk kartynyň” arasyndaky tapawutyny görüp bilersiňiz.
Goýum kartyny nirden alyp bolýar?
“Goýum kartyny” açmak üçin Türkmenistanyň çäginde islendik bankda arza ýazyp alyp bilersiňiz.
Şeýle hem, biziň ozalky gürrüň beren “Bank hasaby, Türkmenistanyň banklarynda bank hasabyny açmak” atly makalamyzy okamagyňyzy maslahat berýäris.
Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com