Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlar – ýurdumyzyň güýç-kuwwaty

0
29257

2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýyl Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanmagynyň alamatyna öwrüldi. Bu bolsa döwlet syýasatynyň özboluşly ugry hökmünde ýaş nesilleriň mümkinçiliklerini giňden açmagy, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini nazarda tutýar. Ýaşlaryň döwlet derejesinde jemgyýetçilik wezipeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak, bu nesliň wekilleriniň ýurduň ösüş-özgertmelerini döwrebap derejede mynasyp dowam etdirmekleri üçin zerur şertleri ýola goýmak maksatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda möhüm işleriň hatarynda kesgitlenilýär.

Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgeleri hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolmagynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen ýaşlarynyň giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegi alnyp barylýan işleriň esasy maksady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýurduň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag we kommunikasiýa, oba hojalygy, maliýe-bank ulgamynda we beýleki pudaklaýyn ugurlarda zehinli, başarnykly ýaşlaryň zähmet çekmeginiň ileri tutulýan işleriň hatarynda durýandygyny bellemek bolar.

Ýakynda,  28-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda hem türkmen ýaşlarynyň öňünde durýan wezipeleriň çözgütlerini kesgitlemek, häzirki zaman şertlerinde ýurduň ýaşlarynyň hyzmaty bilen amal edilýän işler we bu ugurda has netijeli usullary durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler maslahatlaşyldy. Onda edilen çykyşlardan görnüşi ýaly, bu günki günde ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, ylymdan ýükli, ösen tehnologik enjamlardan sowatly baş çykarýan adamlar bolup kemala gelmegi ugrunda döredilýän şertlere döwlet derejesinde giňden üns berilýär.

Ýaşlar syýasatynyň çäklerinde ýurduň ykdysady ugurlarynyň ösüş depginlerini amala aşyrmaga ýaşlary çekmek, olaryň häzirki zaman usullaryna düşünmegini kämilleşdirmek ýaly döwletiň taryhy ösüşinde derwaýys bolan ýörelgelere esaslanylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we beýleki degişli maksatnamalarda hem-de meýilnamalarda kesgitlenen wezipeler döwrüň talaplary bilen utgaşykly amal edilýär.

Şular bilen birlikde, döwlet Baştutany ýaşlaryň häzirki döwürde we geljekde öňünde durýan wezipeler hökmünde hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watançylygy, raýat jogapkärçiligini, zähmetsöýerligi, döredijilik ukyplaryny terbiýelemek, şahsyýeti kemala getirmegi goldamak, jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmak, telekeçilik ugurlary bilen birlikde ýaşlaryň başlangyçlaryny höweslendirmek ýaly wezipeleri kesgitleýär. Golaýda geçirilen gurultaýyň gün tertibiniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Ynamly ädimler bilen beýik menzillere tarap» atly birinji meselesi boýunça hem bu wezipeleriň çözgütleri dogrusynda çykyşlar edilip, ýaş nesilleriň wajyp milli hem-de innowasion özgertmeleri ýola goýmakda jebis iş alyp barmagynyň ýurduň ösüşinde uly hyzmata eýedigi beýan edildi.

Bu meseläniň çäklerinde ýurtda ýaşlar syýasatynyň öňde goýýan wezipeleriniň hatarynda göz öňüne tutulan başlangyçlar dogrusynda hem durlup geçildi. Ýagny, bu başlangyçlara türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak, aýratyn-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak, «Ýaş zehinler» atly maksatnamany taýýarlamak, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak ýaly röwşen geljegi maksat edinýän, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň depginine kybap gelýän işler degişlidir.

Türkmen ýaşlarynyň sanly ulgam bilen üpjün edilen bilim edaralarynda okamagyny, zähmet çekmegini hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny göz öňüne tutýan mümkinçilikleri we şertleri ýokarlandyrmak ýaş nesiller babatda halk bähbitli işleriň özenini düzýän aýratynlykdyr. Bu ýurduň her bir ýaş raýatynyň umumy bähbitli başlangyçlara, jemgyýetiň ösüş depginine goşant goşmaga höweslenmeginde hem-de özünde belent hyjuwy kemala getirmegi üçin hökmanydyr. Ýaşlaryň durmuş üpjünçiliginde ýurduň banklarynyň, şol sanda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerine ýetirýän ýeňillikli hyzmatlaryny hem bellemek bolar. Häzirki wagtda şeýle mümkinçilikleriň hatarynda durmuş guran ýaş maşgalalar üçin 3 ýyl möhletde ýyllyk 1 göterim bilen 20 müň manada çenli karzlar, talyp ýaşlaryň okuw tölegi üçin amatly karzlar şeýle-de karzlaryň başga-da dürli görnüşleri berilýär. Bu öz gezeginde ýaş nesilleri täze ylym-bilim sepgitlerine, zähmet üstünliklerine höweslendirýär, olaryň ýurduň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşmagyna itergi berýär.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýaşlar telekeçiligini ösdürmegiň usullaryny işläp taýýarlamagyň hem-de telekeçiler tarapyndan döredilen, işgärleriniň 75 göterimi ýaşlardan ybarat bolan we «ýaşlar kärhanasy» diýlip atlandyrylýan kärhanalara döwlet goldawyny bermek boýunça ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagynyň-da özboluşly ähmiýeti bardyr. Bu çözgüt döwrebap ýörelgelere we dünýä tejribesiniň ösüşine täzeçil garaýyşly ýaş nesilleriň kuwwaty, bilim-başarnyklary netijesinde milli senagat önümçiligini, şeýle-de özara aýrylmaz baglanyşykly ýurduň pudaklaýyn ykdysady ulgamlaryny häzirki zaman derejede kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar