Soňky habarlar

Arhiw

Web saýt näme we onuň görnüşleri. Adalgalar we düşünjeler

0
8228

Indiki birnäçe makalalarymyzyň üsti bilen web saýt nämediginden başlap, ony nähili döredilýänine çenli gysgaça, ýönekeý dilde okyjylarymyza düşündirmäge synanyşarys. Bu tema degişli ähli adalgalary, ýerine ýetirilýän işleri has hem ýönekeýleşdirip gürrüň bereris.

Web saýt – edara-kärhanalar, şahsy taraplar, dürli kompaniýalaryň ýüzi hasaplanýan özara baglanyşykly elektron web sahypalaryň toplumy. Mysal üçin, aýdaly bir kompaniýanyň mahabat bukledi ýa-da telekeçiniň wizitkasy bar bolsa, şolaryň bir ýa-da birnäçe web sahypalardan ybarat bolan elektron görnüşiniň internetde ýerleşdirmegine web saýt diýilýär.

Diýmek, web saýtyň esasy maksady – sizi tanatmak, mahabatlandyrmak, maglumat bermek we ş.m.

Birnäçe adalgalar bilen tanyş bolalyň:

“Web saýt” – internetde ýerleşýän elektron görnüşdäki özara baglanyşykly web sahypalaryň toplumy.

“Web” – iňlis dilinden terjime edilende kerep manysyny berip, “saýt” – şol kerepdäki bir “ýer” diýmegi aňladýar. Bu ýerde kerep diýlip – wirtual, ýagny hyýaly kerep göz öňünde tutulyp, ähli web saýtlar şol kerepde jemlenendigini, ýagny internet kerebinde ýer alýandygyny aňladýar. Üns berýän bolsaňyz, ähli web saýtlar ýazylanda başy “www” bilen başlanýar, “www” (world wide web) – bütindünýä kerebi manysyny berýär. Meselem: www.turkmenportal.com – bütindünýä internet kerebinde, “.com” zolagynda ýerleşýän “turkmenportal” atly web saýty manyny berýär. Web saýtyň adyna başgaça “domen ady” hem diliýär.

“Zolak” – web saýtyň nirä, haýsy hostinge (serwere), haýsy ýurda ýa-da nähili maksatly saýtdygyny aňladýan ýazgy. Zolak web saýtyň soňky böleginde görkezilýär, meselem: .tm, .com, .ru, .org we ş.m. Zolaklardan bir-iki sanagyny düşündirsek: .org (organizations) - täjirçilik maksatly däl bolan guramalar; .ru – rus saýty. Zolaklar we olaryň aýratynlyklary barada internetden okap bilersiňiz.

“Hosting” – web saýtyň ýerleşýän kompýuteri, serweri, ýeri. Islendik elektron maglumatyň bir ýerde saklanylşy ýaly, edil şolar ýaly, web saýt hem bir kompýuterde ýa-da serwerde saklanylýar. Şol saklanylýan ýere hem “hosting” diýilýär. Dünýäde hosting hyzmatyny hödürleýän ýüzlerçe edara-kärhanalar bar. Olar web saýtyňyzy öz serwerlerinde howpsuz we ygtybarly saklap berýär we saklany üçin aýlyk/ýyllyk töleg alýar. Hosting hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalaryň sanawyny internetden tapmak bolar.

“Port” – bir enjamy beýleki enjama birikdirýän nokada berilýän at. Meselem: USB port, Audio port, VGA port. Portuň iki görnüşi bar: fiziki we wirtual. Biz makalamyzda wirtual portlara gabat geleris. Wirtual portlar programma derejesinde ulanylýar. Islendik programma işlände belli bir portlar arkaly işleýär, ýagny kompýuterde şol programma üçin zerur bolan port (nokat) açyk bolmasa, programma işlemez. Portlaryň atlary we belgileri bolýar, meselem: SSH porty – 22-nji port.

HTTP we HTTPS portlary – degişlilikde 80-nji we 443-nji port diýmegi aňladyp, web saýtlar şu iki portlaryň üsti bilen işleýär. Islendik adam kompýuterden internete baglanyp, belli bir web saýty açanda, web saýt “http (80)” ýa-da “https (443)” porty arkaly açylýar. Eger şol portlar kompýuterde ýa-da routerde blokirlenen bolsa, onda web saýt açylmaz we işlemez. Bu iki portuň tapawudy diňeje soňuna “s” harpynyň goşulmagyndadyr. “S” harpy “secured”, ýagny şol saýta baglanylanda maglumat alyş-çalyşygy şifrlenen görnüşde işleýär diýmegi aňladýar. Bu barada has anyk maglumatlary internetden alyp tanyşyp bilersiňiz.

 “Web brauzer” – web saýtlary açmak we görmek üçin ulanylýan programma üpjünçiligi. Web saýta girmek üçin kompýuterde ýa-da beýleki enjamlarda web brauzer gurnalan bolmaly. Web brauzerlere mysal: “Mozilla Firefox”, “Google Chrome”, “Internet Explorer”, “Opera”.

Web saýtlaryň iki görnüşi bolýar: statiki we dinamiki.

Statiki web saýt – web saýtdaky maglumatlar diňe okalyp we görülip bilinýär. Meselem: howa maglumaty web saýty, habarlar web saýty.

Dinamiki web saýt – web saýtdaky maglumatlar okalyp, görülip bilinýär, şeýle hem ulanyjylar tarapyndan interaktiw görnüşde döredilen mümkinçilikleri esasynda ulanylyp bilinýär. Meselem: eger web saýtda forum bar bolsa, ulanyjy tarapyndan tema açylyp bilinýär, sorag soralyp bilinýär, çylşyrymly gözlegler ýerine ýetirip bilinýär we ş.m.

Eýsem, “Web saýt näme üçin gerek?”, “Işleýiş çyzgysy nähili?” diýen soraglar köp adamlarda döremegi ahmal. Bu we beýleki soraglaryň jogabyny indiki makalamyzda aýratyn ýazarys.

Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar