Pişik muzeýleri dünýäniň ähli pişik söýüjilerini syýahata çagyrýar

0
42648

Dünýä ýüzünde ýörite öý haýwanlaryna bagyşlanyp döredilen dürli hili köp sanly muzeýler bar. Itleriň, atlaryň, hatda syçanlaryň hem öz muzeýleri hereket edýär. Şonuň üçin dünýä ýurtlarynyň käbirinde pişikleriň hormatyna hem muzeýleriň açylandygyny eşitmek geň görerlik ýagdaý däldir.

Pişik adamzat durmuşynda eýýäm müňlerçe ýyldan bäri ýaşap gelýän jandar bolsa-da, özboluşly häsiýeti we awa bolan hyjuwy ýaly köp sanly tebigy, arassa häsiýetlerini saklap bilipdir. Bütin dünýäde bu ajaýyp haýwanyň muşdaklary onuň hormatyna diňe bir döredijilik eserlerini bagyşlaman, eýsem muzeýleri hem döredipdirler.

Pişikleriň muzeýi Awstraliýa, Belgiýa, Bolgariýa, Wengriýa, Germaniýa, Daniýa, Kanada, Hytaý, Kuba, Meksika, Polşa, Portugaliýa, Slowakiýa, ABŞ, Russiýa, Fransiýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Litwa, şeýle hem Malaýziýa we Singapur  ýaly ýurtlarda bardyr.

Dünýädäki ilkinji pişik muzeýi Şweýsariýanyň Bazel şäherinde peýda boldy diýip hasaplaýarlar. Onuň binasy perimetrligine bir ýarym metrlik pişik şekillerinden ýasalan mermer, metal, aýnadan we farfordan ýasalan diwar bilen gurşalan. Onuň içinde pişigi şekillendirýän 10 müňden gowrak eksponat bar. Bularyň arasynda suratlar, afişalar we hatda markalar, şeýle hem pasha ýumurtgalary-da bar.

Surat: tripadvisor.ru

Ýaponiýanyň Okaýama şäherinde Maneki Neko muzeýi bolup, ol «özüne çekiji pişik» ýa-da «şowlulyk pişigi» diýmegi aňladýar. Maneki Neko farfor ýa-da keramikadan ýasalan pişigiň heýkeljigi bolup, ol bir penjesini ýokary galdyryp duran keşpdedir. Muzeýde şeýle heýkeljikleriň ägirt uly ýygyndysy bar. Maneki Neko heýkeljigi şowlulyk we abadançylyk getirýär diýlip düşünilýär.

Iňlisler kiçijik murtluja ýyrtyjylary söýýändigi bilen giňden tanalýarlar. Angliýada olaryň hormatyna döredilen iki sany muzeýiň bolmagy onsoň kän bir geň hem däldir. Olar — «The Ramsbottom Cat Museum» ýa-da «Kipper's Cats we The Cat Museum on Harrow on the Hill» muzeýleridir. Iňlis muzeýleriniň pişikleri resmi taýdan hasaba alnan we hökümet işgäriniň wezipesini ýetirýärler, olar esasan eksponatlary zaýalaýan syçanlary tutmaga ýardam edýärler. Mundan başga-da, iňlisler pişikleri azyk ammarlarynda hem işgär hökmünde hasaba alyp, işgär hökmünde görýärler.

Meşhur pişik söýüjileriň hatarynda amerikaly ýazyjy Ernest Hemingweý hem bar. Florida ştatynyň Ki-West şäherindäki öý muzeýinde ýazyjynyň saklan öý haýwanlarynyň nesilleri bolan pişikler bar. Bu pişikleriň aýratynlygy — olaryň polidaktiliý bolmagy, has takygy, bu öý haýwanlarynyň öňki aýaklarynda alty barmak bolup, bu özboluşlylyk pişiklere genetik taýdan geçýär. Hemingweý bütin ömrüniň dowamynda 57 pişik saklapdyr.

Surat: readrate.com

Russiýanyň iň meşhur pişik muzeýlerinden biri Sankt-Peterburgyň golaýyndaky Wsewoložsk şäherinde ýerleşýär. Mundan başga-da, bu muzeýiň Wsewoložskyň özünde we Sankt-Peterburgda ýerleşýän salgylary bar. Wsewoložskda pişikleriň dürli şekilleri we olar hakda taryhy resminamalar görnüşindäki eksponatlar ýygyndysy: suratlar, installýasiýalar, ýadygärlikler, şeýle hem pişikleriň biologiýasy we anatomiýasy, weterinariýa esaslary, ertekiler ýygyndysy, dünýäniň çar künjeginden pişikler hakda ertekiler we rowaýatlar jemlenen. Sankt-Peterburg şahamçasynda janly «eksponatlar» bar. Muzeý pişikleri bilen söhbet özboluşly «söhbet edip», ýadygärlik sowgatlaryny satyn almak bolýar. Hatda käbir muzeý ýaşaýjysynyň sosial ulgamlarda öz sahypalary hem hereket edýär.

Pişik muzeýi Moskwa şäherinde hem bar. Onda «Pişik jadysy», «Pişikler we aýallar», «Pişigiň gözi», «Portretler» temalaryndaky ekspozisiýalar görkezilýär. Muzeýiň resmi däl gözegçisi bolan sibir pişigi her bir myhmany girelgede garşylaýar we salamlaşmak üçin aýaklaryny uzadýar.

Surat: ru.freepik.com

Berlindäki Pişik muzeýi bu öý haýwanlaryny örän halaýan Helmut Glanz tarapyndan esaslandyryldy. Ol çagalygyndan «pişik» mowzugy bilen bagly islendik zady toplapdyr. Bu kolleksiýasy soňlugy bilen öýe ýerleşip bilmänsoň, aýaly bilen muzeý gurmak kararyna gelipdir. Onuň muzeýinde pişikleriň farfor heýkeljikleri, pişik suratly tarelkalar, pişikli sagatlar, hatda pişikleriň şekilleri ýerleşdirilen düýeguş ýumurtgalary hem bar.

Pişik muzeýleriniň ekspozisiýasy hemişe myhmanly, esasan-da, bu ýerlerde adaty eksponatlardan başga janly pişikler hem bar. Pişigi diňe bir haýwan ýa-da öý güýmenjesi däl-de, eýsem öz häsiýetli tarapyna görä, şahsyýet derejesinde hasaplaýan, olar bilen gepleşip gezýän adamlar hem bar.

Peýdalanylan çeşmeler: kaverin.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar