Garagum derýasynyň kenarynda suw akymyny ölçemek üçin awtomatlaşdyrylan ulgam işe girizildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş gullugy (USAID) tarapyndan geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Atyn asyr» habar berýär.
Çäre «Bosfor» ýaşlar merkezi tarapyndan «Garagumderýasuwhojalyk» birleşigi bilen guruldy.
Bu taslama oba hojalygy, agyz suwy we senagat üçin suw paýlanyşyny has takyk meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Maglumatlar bu ulgamyň programma üpjünçiliginde ýazga alnar we hakyky wagtda elýeterli bolar.
Alnan maglumatlaryň kömegi bilen, daýhanlar tarapyndan sarp edilýän suw barada doly maglumat alnar we hasylyň amatly ösmegi üçin, zerur mukdardaky suwy hasaplap bolar. Beýleki suw ulanyjylary bolsa has durnukly we täsirli suw üpjünçiliginden peýdalanarlar.