IQ testler: olar anyk nämäni ölçeýär we adam aňyna näderejede obýektiw baha berýär

0
30966

Gadymy döwürlerden bäri adamlar özleriniň we başgalaryň akyl ukyplaryny ölçemegiň usulyny oýlap tapmaga synanyşyk edip gelipdirler. Adamyň akyl-paýhasyna baha berýän synaglar ýaly bir zady döretmek üçin ilkinji synanyşyklar XIX asyryň ahyrynda edilipdir, şonuň netijesinde bolsa 1905-nji ýylda fransuz psihologlary Alfred Binet we Teodor Simon, öz aýdyşlaryna görä, adam aňynyň ýaşyna baha bermek üçin niýetlenen synag taýýarlapdyrlar. 1915-nji ýylda Stenford uniwersitetiniň amerikaly psihology Lýuis Terman bu synagy kämilleşdirdi, şondan soň bolsa, ol Stenford-Bine synagy diýlip atlandyrylyp başlandy. IQ adalgasynyň özi — intelligence quotient ýa-da akyl ösüş koeffisiýenti diýmegi aňlatmak bilen, 1912-nji ýylda nemes psihology Wilgelm Stern tarapyndan döredilipdi.

IQ-nyň derejesiniň görkezijileri hemişe adamyň bilimine bagly däldir, ýöne ýokary bilimli bolup bu synagy synaýanlar ortaça oňyn netijeleri gazanýarlar. Umuman aýdanyňda, IQ synaglary adam nähili logiki netijeleri çykarýar we logiki baglanyşyklary duýýar, maglumatlary tertipleýär, çylşyrymly pikirlere düşünýär hem-de abstrakt pikirlenmäge näderejede ukyply diýen ýaly sowallary kesgitläp, adamyň nähili pikirlenip bilýändigini görkezýär. IQ synaglary haýsydyr bir ugurdaky bilimleri barlamaýar-da, logiki, giňişlik, assosiatiw we dilden pikirlenmek ukyplaryny ölçeýär.

Häzirki wagtda dünýäde birnäçe meşhur IQ synaglary bolup, olaryň iň meşhurlary Aýzenk synagy, Weksler synagy, Reýwen synagy, Amthauer synagy we Kettel synagydyr. Bu synaglaryň netijelerine görä, ortaça adamyň IQ derejesi 85 bilen 115 bal aralygynda bolýar, şeýle netijeleri IQ synaglaryndan geçen adamlaryň takmynan 68% görkezýär.

Dürli hili synaglarda akyl taýdan yza galmakdan başlap, ýiti zehinlilige çenli bolan dereje hem üýtgeýär, ýöne umuman alanyňda, psihologlar we psihiatrlar IQ derejesi 70 baldan aşakda  bolmagy akyl taýdan yza galmagyň dürli derejeleri hasaplaýarlar. Iň köp ulanylýan ölçegler ballary:

- 24-den az bolsa: akyl taýdan juda yza galmak;

- 25 — 39: — agyr psihiki yza galmak;

- 40 — 54: ortaça akyl taýdan yza galmak;

- 55 — 69: az-kem akyl taýdan yza galmak;

- 70 — 84: serhet ýakasyndaky psihiki bozulmalary;

- 85 — 114: ortaça akylly adamyň netijesi;

- 115 — 129: ortaça intellektden ýokary;

- 130 — 144: ortaça zehinli;

- 145 — 159: örän zehinli;

- 160 — 179: aýratyn zehinli;

- 180 we ondan ýokary: çuňňur zehinli (geniler).

Köp psihologlar adamyň hakyky IQ derejesine takyk baha berip bilmeýändikleri üçin onlaýn intellektual synaglara ygtybarsyz garaýarlar. Şonuň üçin köpler synagy internetde däl-de, professional psiholog bilen geçirmegi maslahat berýärler.

Bu IQ synaglarynda ýokary ballary gazanýan adamlaryň has akyllydygyny aňladýarmy? Ýok, bu beýle-de däl. Ynsan intellekti gaty çylşyrymly ulgam we bilim, durmuş tejribesi, dogabitdi ukyplar hem-de hatda synagyň geçirilen gurşawy ýaly köp faktorlara baglydyr. Käbir adamlar bar, çalt pikirlenýärler, öndürijilikli, ýöne has haýal pikir edýänlerem bar. Ikisini deňeşdirip, kimiň has akyllydygyna düşünmäge synanyşyk etmek netijesizdir. Soňky ýyllarda adamyň IQ synaglarynyň netijelerine esaslanyp akyl-paýhasyna baha bermekden ýüz öwürmeli çemeleşme bar diýen pikirler köpeldi.

Umuman aýdanyňda, IQ-nyň derejesiniň oňyn bolmagy okuwda we karýerany ösdürmekde ýardam edip biler, ýöne olar hemişe adamyň işinde haýsydyr bir üstünlige ýetjekdigini aňlatmaýar. Köplenç ýokary synag netijeleri hiç hili üstünlikleri bolmadyk adamlar tarapyndan görkezilýär we tersine — ortaça IQ bolan adamlar tutanýerlilik, öwrenmek ukyby we ýagdaýlara ýeterlik jogap bermek ukyplary we başarnyklary sebäpli köp zat gazanýarlar.

IQ synaglary barada käbir gyzykly faktlar:

  • IQ synaglary köplenç dünýäniň köp sanly goşunlarynda harby işgärleri barlamak üçin ulanylýar;
  • IQ derejäniň 20 göterimini diýen ýaly türgenleşdirip bolar;
  • Bäbejikleriň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi geljekde olaryň IQ derejesini ýokarlandyrýar;
  • IQ derejesi ýokary adamlar alkogol içgilerini has köp ulanýarlar;
  • IQ derejesi ýokary we gaty ýokary adamlar ilatyň bary-ýogy 3%-idir;
  • soňky ýyllarda ähliumumy ýagdaýda adamzat jemgyýeti IQ derejesiniň peselmegine meýilli boldy.

Peýdalanylan çeşmeler: psyfactor.org; www.techinsider.ru; www.sport-express.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar