Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Madam Týusso muzeýi: taryhyň täsin eserlerine syýahat

0
46454

Madam Týusso muzeýi (Madame Tussauds) — dünýädäki iň ajaýyp we haýran galdyryjy, mumdan döredilen keşpleriň muzeýidir. Muzeýiň esasy gaznasy Londonyň döwrebap  Merilebone modalar etrabynda ýerleşýär we Nýu-Ýork, Las Wegas, Amsterdam, Berlin, Şanhaý, Gonkong ýaly 24 şäherde şahamçalaryny jemleýär. Bu ýerdäki meşhur syýasatçylaryň, tanymal adamlaryň, sazandalaryň, aktýorlaryň, alymlaryň mumdan ýasalan heýkelleri — Beýik Britaniýanyň ajaýyp gymmatlyklaryna öwrüldi.

Surat: madametussauds.com

Muzeýiň döredilmeginiň taryhy ony esaslandyran Mariýa Grosşolt — Týussonyň terjimehaly bilen berk baglanyşyklydyr. Ol 1761-nji ýylda Strasburgda doglupdyr. Onuň ejesi mumdan adam bedeniniň anatomiki nusgalaryny ýasaýan doktor Filip Körtisiň öý işgäri bolup işleýär eken. Lukman bu gyzyň hyjuwyny we zehinini duýup, oňa başarnyklaryny öwredipdir.

1777-nji ýylda Mariýa özüniň ilkinji mum keşbi bolan Wolteri döredipdir, ondan soň Franklin we Russo ýaly şahsyýetleriň keşplerini ýasapdyr. 19 ýaşynda ol fransuz koroly Lýudowik XVI aýal doganyna sungat mugallymy hökmünde Wersala çagyrylypdyr. Fransuz rewolýusiýasy döwründe Mariýanyň işleri Parižde uly meşhurlyk gazanyp, ol beýik şahsyýetlerden, meşhur rewolýusiýaçylardan —Robespýer, Marat, Şa aýal Mariýa Antuanette dagynyň keşbini döredipdir. 1794-nji ýylda doktor Körtis aradan çykandan soň, onuň kolleksiýalary Mariýa galypdyr. Rewolýusiýany, türme zulumyny we şowsuz nika ýaly kynçylyklary başdan geçiren Mariýa soňlugy bilen Angliýanyň we Irlandiýanyň çäklerinde mum keşplerini köpçülige ýetirip başlapdyr.

Mariýa Týusso 74 ýaşynda ogullary bilen bilelikde ýazyjy Artur Konan Doýluň aňtawçy Şerlok Holmes baradaky eserleri bilen meşhur bolan Beýker köçesinde (1835) hemişelik sergisini açýar. Eksponatlaryň sanynyň köp bolandygy hem-de barha artandygy, şeýle-de has giň gurşawyň zerur bolup başlandygy sebäpli, muzeý 1884-nji ýylda ilkinji sergisiniň açylan ýeri bolan Merilebon-rouda geçirilýär. Bu özbaşyna uly üstünlikli taslama bolmak bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän soňraky heýkelleri döretmegiň başlangyjy bolup hyzmat edýär. Madam Týusso ýogalandan soň, onuň işleri nesilleri tarapyndan dowam etdirilýär.

Surat: madametussauds.com

Mum keşplerini döretmekde hakykata laýyk gelýän keşpler nädip döredilýär?

Köp sagatlaryň dowamynda adamlardan olaryň keşbiniň ölçegi alynýar (bu azyndan 150-den gowrak ölçegdir) geljekki modeliň prototipini adaty adamdan almak mümkin däl bolsa, suratlar ulanylýar.

Mundan soň, keşbiň ýerleşdiriliş aýratynlygy saýlanýar we berkidilýär: aýaklary gaty metallardan, gollary alýuminden ýasalýar. Çarçuwa taýýar bolup, bir hepde wagt geçenden soň, palçyk gatlagy bilen örtülýär, soňra bolsa şol bitewi sudura laýyklykda mum bölekleri guýulýar. Adam derisiniň tebigy reňki arassalanan we gyzdyrylan ary mumy bilen 74 dereje gyzdyrylan palçyk galyndylaryna garylan boýagyň kömegi bilen gazanylýar. Soň bolsa, heýkeliň düzedilmeli ýerleri kosmetiki usullar arkaly kebşirlenýär.

Heýkeliň saçlaryny ýasamakda hakyky saçlar ulanylyp, emeli kellä aýratyn süýümler bilen ýerleşdirilýär.

Surat: madametussauds.com

Keşbiň nusgasyny taýýarlamak işi (150 müň funt) uzak dowamly iş bolup, iki aýdan alty aýa çenli dowam edýär, kolleksiýanyň üstüni ýetirmegem şoňa görä bolýar, ýagny ýylda 15-20 nusga keşbi döretmek başardýar. Häzirki wagtda bu ýerde her nusgany ýasamak üçin 20 töweregi heýkeltaraş zähmet çekýär, muzeýiň döredijilik işinde häli-häzirlerem Madam Týussonyň usuly ulanylýar; keşpleriň eşikleri we esbaplary meşhur adamlaryň öz tekjelerinden saýlanylýar.

Zallar we eksponatlar: muzeýiň girelgesinde myhmanlary madam Týussonyň 81 ýaşyndaka döreden kiçijik garry aýalynyň — özüniň heýkeli garşylaýar. Eksponatlaryň ählisi tematiki zallara bölünýär.

Surat: madametussauds.com

«Dünýä arenasy» — syýasatçylaryň heýkellerinden, dürli döwürleriň medeni işgärlerinden ybarat bolan iň uly «wagt giňişligine syýahat» zaly: Bu ýerde Madam Dýubari, Martin Lýuter King, Winston Çerçil, Indira Gandi, Barak Obama, Wladimir Putin, Şa zenany Ýelizaweta II, Şa maşgalasynyň agzalary — şa gyzy Diana, şazadalar William we Garri, Keýt Middlton dagylaryň keşpleri bar. Zalyň başga bir böleginde bolsa Liwerpuluň meşhur dörtlügi bolan «The Beatles», Beýonse, Kristina Agilera, Jastin Timberleýk, opera aýdymçysy Plasido Domingo ýaly şahsyýetleriň keşpleri ýerleşdirilen.

Surat: madametussauds.com

«Elhençlikler otagy» muzeýe gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Bu bölekde jenaýatlaryň sahnalary, elhenç gynamalaryň gurallary; günäkär ganhorlaryň we wagşylaryň nusgalary — mysal üçin, meşhur Jek the Ripper, iňlis koroly Genrih VIII Týudoryň sekiz aýalynyň kesilen kelleleri bar. Degişli bölege syn etmek çagalara, göwreli aýallara, ýürek patologiýasy bolan adamlara gadagandyr.

«Ýokary derejeli şagalaň» — muzeýiň bu bölegi saýlama adamlar üçin diýlip döredilen ýaly. Dewid we Wiktoriýa Bekhemler, Anjelina Joli we Bred Pitt, Leonardo Di Kaprio we Jennifer Lopez... dagy tomaşaçylaryň gözleriniň öňünde «janlanýar».

«Tanyşdyryş agşamy» zalynda amerikan Golliwud ýyldyzlarynyň mumdan ýasalan heýkelleri bar: Arnold Şwarsenegger, Maýkl Duglas, Jim Kerri, Harrison Ford; Hindi aktýorlary — Aýşwarýa Raý, Şahruh Han, Hritik Roşan; multfilm gahrymanlarynyň nusgalary — Möý adam, Halk, Şrek; komiksleriň we filmleriň gahrymanlary, «Marwel» komiksleri, «Ýyldyz söweşijileri»...

Surat: madametussauds.com
                                              
Gyzykly maglumatlar:

  • Täze Prezidentiň wezipä saýlanylmagy ýa-da Golliwudda täze «ýyldyzyň» döremegi muzeýde täze mum heýkelleriniň peýda bolmagyna şolbada täsir edýär;
  • Muzeýde Maýkl Jeksonyň dürli hili 14 sany keşbi bar;
  • Keşbiniň döredilmeginde ýeke-täk garşylyk görkezen zenan — Tereza enedir, ol bu babatda «munuň üçin sarp edilýän wagtyň has gowy zatlara sarp edilip bilinjekdigini» düşündiripdir;
  • Muzeýe gelýänler tarapyndan Adolf Gitleriň keşbine birnäçe gezek hüjüm edilipdir we diňe şondan soň, ol aýna gabyň aňyrsynda goýlupdyr;
  • Wizual we ses aýratynlykly effektleriň kömegi bilen dürli döwürleriň ruhy döredilýär, käbir häzirki zaman mum şekilleri hereket edip, ýaldyraýar, hatda olaryň käbirleri gepläp hem bilýär;
  • Syýahatçylar 100 funt sterlinge muzeýde bir gijeläp galyp bilýärler;
  • Muzeýiň täzelikleriniň esasylarynyň biri-de, şazada Garriniň toýuna bagyşlanan, täze durmuş gurýanlaryň toý şekillerini we dabaranyň häsiýetli aýratynlyklaryny görkezýän ekspozisiýadyr.

Peýdalanylan çeşmeler: moyaindia.ru; wikiway.com; vc.ru; fb.ru; planetofhotels.com/g; muzei-mira.com/muz; ru.m.wikipedia.org.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar