Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagalar näme üçin netijesiz içgysgynçlygy başdan geçirýärler we oňa nähili çemeleşmeli

0
39656

Ene-atalara çagalarynyň içgysgynçlykdan zeýrenýänlerine köplenç halatda dogry düşünmek hem kyn bolýar. Eýsem, dünýä lezzet almaga mümkinçiliklerden we güýmenjeden doly, onsoňam çagalaryň nämedir bir özüni gyzyklandyraýjak zada gümra bolmak üçin boş wagtlary köp. Emma welin, olaryň haýsydyr bir zada çyn ýürekden gyzyklanma bildirmän, smartfonyň ekranlaryna sagatlap «çümüp» oturanyna gabat gelmek indi adaty bolup görünýär. Psiholog Marina Rizwanowa, ine, çagalardaky şu zeýilli içgysgynçlyk ýagdaýynyň ýüze çykmagynyň sebäplerini we ony ýeňip geçmegiň usullaryny öwrenýär.

Aslynda, «netijesiz içgysgynçlyk» diýlende näme göz öňüne tutulýar?

Wagtal-wagtal her kesiňem içi gysýandyr. Emma içgysgynçlyk peýdaly bolup hem bilýär. Bu şeýle bolup geçýär: adam biraz wagt içgysgynç bolýar, soň bolsa gyzykly bir iş ýa-da güýmenje tapynýar. Soň yndan bu ugurda has kämilleşip, oňa has köp wagt sarp edip başlaýar. Şol bir wagtyň özünde-de, içgysgynçlyk seýrek ýüze çykýar, sebäbi bir tema çuňňur aralaşsaň, aýdym-saz, sport, okamak ýa-da skeýt tagtasynda aýlanmak ýaly dürli güýmenjelerden peýdaly mümkinçiliklerdir gelip çykýar.

Bu uly adam babatda düşnükli. Emma çagalar babatda näme? Olar hyjuw edýän zadyny tapyp bilmeýärler. Bir zady alýarlar, ýöne manysyna düşünmäge wagt sarp etmänkä-de, tiz wagtdan ondan ýüz öwürýärler. Täze bir zady gözläp başlaýarlar, ýöne tiz wagtda ondan hem göwünleri bölünýär, içleri gysýar, onsoň «wagt öldürmek» üçin oýuna gümrä bolup, ondan aýrylyp bolmaz derejede endik edýärler, sosial media ulgamlaryndaky sahypalary syryp, dürli özüne çekiji täzelikleriň gözlegine imrinýärler. Ine, şeýle döreýän içgysgynçlyk — netijeli däl.

Nähili çagalar içgysgynçlyga köp sezewar bolýar?

Käbir çagalar şeýle ýagdaýa has ýakyn bolýarlar. Ol şu sebäpler bilen bagly bolup biler:

maşgalada ýeke çagalar. Doglan günlerinden üns-alada bilen gurşalyp, hemişe ulularyň ýanynda bolýarlar, dürli güýmenjelere endik edýärler. Ine, şol sebäpdenem, ulalansoňlar köplenç haýsydyr bir meseläni nädip çözmelidigine düşünip bilmeýärler.

4-5 ýaş aralygyndaky çagalar. Bu ýaşdaky çagalar köplenç emosional goldawsyz galan mahallary ýürekleri gysýar. Ýöne bu dört ýaşly çagalaryň heniz bir zat bilen meşgullanmagy öwrenmändigi sebäpli ýüze çykýan ýaş bilen baglanyşykly ýagdaýdyr.

3 — 7-nji synp aralygyndaky mekdep okuwçylary. 3-nji synpda çaga güýmenjeleri kem-kem modadan gaçyp başlaýar: oýunlar, döredijilikli şekiller, çyzgylar, düzülýän oýunlar we ş.m. Şol bir wagtyň özünde, derrew olaryň ornuny tutjak degerli zady tapmak kyn bolýar duruberýär. 5 — 7-nji synplarda okaýan ýetginjekler döredijilik güýmenjelerine täze ösüş derejesi bilen dolanyp gelýärler, ýöne çagalyk bilen ululygyň çatrygynda nämä gümra boljaklaryna doly düşünip bilmän, äm-säm bolýarlar.

işleýän ene-atalaryň çagalary. Bütin wagtyny işde geçirýän ene-atalar çagalaryna boş wagtlaryny nämä sarp etmelidigini aýdyň düşündirip bilmeýärler, sebäbi özleri hem bu ýagdaýdan heder edip ýörmek bilen oýlanyşykly, durnukly bir çözgüt tapmagyň hötdesinden gelip bilmeýärler.

Netijesiz içgysgynçlygyň sebäpleri

Çaga nämedir bir zat bilen gyzyklanmagy öwretmeýärler

Munuň paradoksal ýagdaý ýaly görünmegi ähtimal, ýöne çaganyň gyzyklanmasyny ulular döredýärler. Kiçilikden şeýle tarapdan ähmiýet berilmedik çaga özüne gyzykly bolar ýaly zada ünsüni gönükdirmege düşünenok we täze zatlary synap görmekden gorkýar.

Munuň ters ýagdaýy hem dogry: çagany yzygiderli hezil etdirip, oňa yzly-yzyna lezzet berip täsir galdyrmak bilen, eýýäm çaganyň kiçi mahaly hemme zatdan doýmagyna sebäp bolup bilýärler Onsoňam, çaga özüni keýpiçag edýän duýgulary nädip döretmelidigini bilmeýär ahyryn.

Tukatlyk — maşgala däbi

Çaga maşgalada durmuşa hyjuwly çemeleşýän uly ýaşlylary, umuman, olaryň bu meseledäki göreldesini görmeýär. Tukatlyk gündelik durmuşyň süňňünde hem bolup biler: ulular «iş-öý» bolup duran birsyhlylyga zeýrenýärler, telewizory açýarlar hem-de dürli zatlara tomaşa edýänçäler hem wagtlary geçip gidýär.

Bu gündelik durmuş tertibi çaga üçin şeýle bir adatylyga öwrülýär welin, öz-özünden başlangyçlary we täze gyzyklanmalary gözlemegini bes edýär.

Şowsuzlykdan gorkmak

Hakyky durmuşda kynçylyklar we talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýan çaga, bu zatlardan has ýönekeý we aýdyň bolan wirtual dünýäden gaçybatalga gözleýär. Şowsuzlykdan hem oňlamazlykdan gorkmak ony hakykatdan-da yza çekilmäge, kompýuter oýunlarynyň we sosial ulgamlaryň özüne çekiji, ýöne hyýaly dünýäsine çümmäge mejbur edýär.

Ene-atalaryň ünsüni çekmek islegi

Çaganyň içgysgynçlyk zeýrenmeleri ene-atasy bilen aragatnaşyk saklamak babatda duýulmaýan we gizlin isleg bolup biler: «Ine, şeýle bolmazlygy üçinem, çagaňyza ähmiýet beriň, aladasyny ediň, onuň kyn ýagdaýa düşmezligi üçin kömek ediň». Çaga öz keýpsizligini we ýagdaýynyň ýaramazdygyny äşgär etmek bilen, ene-atasy iň bolmanda gysga wagtlyk bolsa-da özüne üns berer diýip umyt edýär.

Ene-atasyna kömek etmek isleýär
Çaganyň tukat hala düşmegi diňe bir öýke hem däl-de, eýsem maşgalada hemme zadyň oňuşarlyk däldigini görkezýän gizlin alamat bolmagy hem mümkindir. Çaga özüne ünsi çekmek maksady bilen, ene-atany saglyk, gatnaşyk ýa-da iş bilen baglanyşykly dürli kynçylyklardan daşlaşdyrmaga synanyşýar.

Çaganyň içgysgynçlygynyň alajyny nädip tapmaly?

Bir zada güýmenmegini teklip ediň

Çaga dürli duýgulara, täsirlere mätäçdir: okamak, gepleşmek, döredijilik, sport, daşarda oýnamak. Gurnaklara we ussatlyk sapaklaryna gatnaşmak çaga özüni dürli ugurlarda synap görmäge we hakykatdanam gyzykly bir zady tapmaga kömek eder.

Öý-hojalyk işlerine çekiň

Bu usul içgysgynçlyga garşy göreşmekden başga-da, ene-atanyň we çaganyň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirýär, ynamdar gatnaşyklaryň ösmegine kömek edýär.

Özüni gyzyklandyrmagy öwrediň

Çagaňyz bilen bilelikde gyzykly çäreleriň doly sanawyny döredip, döredijilik esbaplaryny satyn alyp ýa-da bilelikdäki taslamalaryňyzy düzüp bilersiňiz.

Çagaňyz bilen ýygy-ýygydan içgin gürleşiň

Çaganyň duýgularyna we isleglerine üns bermek bilen, oňa özüni diňlenilýän we düşünilýän ýaly duýmaga kömek edýäris. Ýagdaýy bilelikde ara alyp maslahatlaşmak size gyzykly çözgüt tapmaga ýardam edip, ikiňiz üçinem içgysgynçlygy ýeňip geçmegi gyzykly eder.

Özüňe üns berip, durmuşyň ähmiýet bermek

Çagalar köplenç ene-atalarynyň hyjuwyny we optimizmini özüne nusgalyk edip alýarlar. Uly adamlar hemme ýagdaýy açyklyk bilen kabul edip bilýän bolsalar, onda çaga hem bilesigelijiligi we işjeňligi ýüze çykarar. Şonuň üçin çagany gyzyklandyrmagyň ýollaryny gözlemezden ozal, öz mysalyňyz bilen ony täze açyşlara nädip hyjuwlandyrmalydygy dogrusynda pikirlenmek hem kemlik etmez.

Peýdalanylan çeşme: pedsovet.org

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar