Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýylgyryşyň güýji: ol saglygymyza we keýpimize nähili täsir edýär

0
247

Her ýylyň oktýabr aýynyň birinji anna gününde dünýä ýüzünde Ýylgyryş güni bellenilýär. Bu baýramçylygyň ýüze çykmagy 1963-nji ýylda meşhur «smaýlik» belgisini döreden amerikan suratkeşi Harwi Boluň ady bilen baglydyr. Baýramçylygyň şygary şeýleräk: «Diňe ýagşy işleri et. Iň bolmanda bir adamy ýylgyrmagyna sebäpkär bol».

Elbetde, «Gülmek ömürden» diýilýär, ýöne ýönekeý ýylgyryş hem şeýle täsirli bolup bilermikä?

Ýylgyrmak — bagtly bolmagyň çeşmesi

Ýylgyranymyzda bedenimizde işjeňlik halyna gelýän myşsalar beýnimize diňe oňyn signallary iberýär, keýpimizi gowulandyrýar. Hatda ýalandan ýylgyrmak hem ruhumyzy göterip biler.

Ýylgyrmak we uzak ömür

Geçirilen ylmy gözlegler edil gülmek ýaly, çyn ýürekden ýylgyrmagyň hem ömrüňi uzaldyp biljekdigini mälim etdi. Bagt — saglygyň we uzak ömrüň açarydyr we ýylgyrmak oňa ýetmegiň aňsat usulydyr.

Birek-birekden geçýän ýylgyryşyň täsiri

Adamlar başgalaryň duýgularyny kabul edip alyp bilýärler. Ýylgyrmak bilen, başgalaryň hem şeýle duýga berilmegini gazanyp bilersiňiz.

Basyşa täsiri

Ýylgyrmak we gülki ýürek urşuňyzy we dem alşyňyzy çaltlaşdyrýar, bu bolsa gan basyşyny peseltmäge kömek edýär.

Ýylgyryşyň dürli görnüşleri

Fransuz lukmany Dýuşen Bulon ýylgyryşyň 19 görnüşiniň bardygyny kesgitläpdir. Olaryň diňe 6-sy şatlyk bilen baglanyşyklydyr. Beýlekiler utanç ýa-da gynanç ýaly dürli duýgulary beýan edip bilerler.

Ýaşartmaga edýän täsir

Ýylgyranyňyzda 5-den 53-e çenli ýüz myşsalaryňyz işjeňleşýär, bu olaryň hemişe işjeň bolmagyna we ýüzüňiziň ýaşlygyny saklamagyna kömek edýär.

Ýylgyrşyň özüne çekijiligi

Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, makiýažsyz ýylgyrýan aýallar ýylgyrmaýan, ýöne birkemsiz makiýažly zenanlara garanyňda erkeklere has özüne çekiji görünýärler. Haýran galdyryjy ýeri, aýallar erkeklere garanyňda ýygy-ýygydan ýylgyrýarlar: Erkekler — ortaça 8gezek, zenanlar — 62 gezek.

Ýylgyrmak — keýpiňizi, saglygyňyzy we beýleki adamlar bilen gatnaşyklaryňyzy gowulandyrmagyň ýönekeý, ýöne täsirli usulydyr. Başarsaňyz, ýygy-ýygydan ýylgyrmaga çalşyň, pikir edýän netijäňiz uzak garaşdyrmaz!

Peýdalanylan çeşme: www.techinsider.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar