Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tretýakow galereýasy: döreýiş taryhy, belli eserleri, täsin faktlar

0
56027

Tretýakow döwlet galereýasy — Moskwa şäheriniň merkezinde ýerleşip, dünýäde iň uly özünde rus nakgaşlyk eserleriniň ýygyndylaryny jemleýän özboluşly taryhy muzeý toplumydyr. Russiýanyň iň bir esasy medeni binalarynyň biri bolan bu muzeý 4 ugry maksat edinýär: saklamak, öwrenmek, tanyş etmek hem-de milli sungaty ýaýbaňlandyrmak.

Döreýiş taryhy — Galereýany meşhur senagatçy we haýyr-sahawatçy Pawel Tretýakow esaslandyrypdyr. 1856-njy ýylda ol rus nakgaşlarynyň suratlaryny — W.Hudýakowyň «Fin kontrabandaçylary bilen çaknyşyk» eserini we galereýa döredilmeginiň ilkinji eserleriň biri bolan N.Şilderiň «Synag» atly suratlaryny aldy. Haýyr-sahawat işleri hem-de suratlary ýygnamak bilen gyzyklanyp, ol rus suratkeşleriniň, onuň dogany Sergeý bolsa Günbatar Ýewropaly ussat nakgaşlaryň suratlaryny ýygnady.

Sungata uly baha berýänler doganlar Treýtakowlaryň giňden toplanan kolleksiýasynyň ilkinji sergisini 1867-nji ýylda Zamoskworeçýede görüp bildiler. Bu ýerde 1800-den gowrak sungat eseri, şol sanda 1276 surat ýerleşdirilipdir. 1892-nji ýylda Pawel Mihaýlowiç sungat galereýasyny Moskwa şäherine peşgeş berdi. Döwlet muzeý gaznasy kolleksiýanyň üstüni ýetirdi we 1918-nji ýylda toplum «Tretýakow galereýasy» diýlip atlandyryldy.

Pawel Tretýakow özüniň wesýet hatynda şeýle ýazypdyr: «Rus nakgaşlyk sungatyny çyn ýürekden halaýan meniň üçin, peýdaly we lezzet berýän şekillendiriş sungatynyň milli galereýasynyň binýadyny goýmakdan gowy isleg ýokdur».

Surat: otechestvo-vera.ru

Muzeýiň gaznalary — 180 müňden gowrak eser bolup, olar şu hili bölümlere bölünýär: XII-XVIII asyrlaryň gadymy rus sungaty (gadymy nyşanlar, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungat); XVIII - XIX asyryň başlaryna degişli bolan nakgaşlyk eserleri; XVIII-XIX asyryň başlaryndaky rus grafikasy we heýkeltaraşlygy; gadymy çarçuwalaryň, mebelleriň ýygyndysy; rewolýusiýadan soňky nakgaşlyk sungaty, heýkeltaraşlyk hem-de grafika. «Gazna» ady bilen XII-XX asyra çenli gymmat bahaly daşlardan we metallardan ýasalan bahasyna ýetip bolmajak sungat eserleriniň ýygyndysy.

Surat: wanderings.online

Ýörite galereýa üçin Iwan Kramskoý meşhur rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň portretini çekdi. Bu eseriň hem döreýiş taryhy täsindir: Graf suratkeşiň çekmegi üçin oturmak ýagdaýynda bolmandygy sebäpli, işiň kadaly bolmagynda päsgelçilik döredipdir. Kramskoý diňe Tolstoýyň kellesini şekillendirip ýetişipdir, onuň bedeniniň galan bölegini bolsa suratkeş ýatdan çekmeli bolupdyr.

Soňraky ýyllarda bolsa bu ýerdäki eserleriň üsti N.Ge, I.Repin, W.Wasnetsow, N. Kuznetsow ýaly ussatlaryň suratlary bilen ýetirilipdir; 1894-nji ýylda I.Lewitan «Wladimirka», W.Perow hem «Mytişde çaý içiş» atly eserlerini hödürläpdirler. Muzeý üçin dürli eserleri miras goýan şahsyýetleriň, guramalaryň we görnükli suratkeşleriň mirasdarlarynyň hemaýaty esasynda häzirki wagtda kolleksiýalaryň geriminiň giňeldilmegi dowam etdirilýär.

Surat: РИА Новости / Екатерина Чеснокова

Galereýanyň iň meşhur eserleriniň hatarynda şulary aýratyn bellemek bolar: suratlar — I.Aýwazowskiý «Dokuzynjy tolkun», I.Kramskoý «Näbelli», M.Wrubel «Jyn»; Sowet döwrüniň realizm stilindäki suratlaryndan  I.Grabaryň, T.Ýablonskaýanyň, D.Baýramowyň surat eserleri; heýkeltaraşlar — W.Tsigalyň, M.Dronowyň we başgalaryň eserleri.

Iň jedelli suratlaryň arasynda K.Malewiçiň  meşhur «Gara inedördül» atly eserini (1915) görkezmek bolar. Suratkeşiň zehini reňkleriň adaty bolmadyk utgaşmalarynda jemlenýär: kölegäniň ýerini tutan ýanan süňküň garyndysy; gara ohra we mis arsenidi. Jaýryklar bilen örtülen (krakelýurlar) gatyň içinde bolsa suratda beýleki reňkler görkezilýär. Gara reňkiň arkasynda näme gizlenýärkä?

Onuň aňyrsynda, garaňkylygynyň ahyrynda bolsa ýagtylygy görersiňiz. Eýsem, bizi gurşap alýan zatlarda ýagdaý iki hili — ýa gara, ýa-da ak bolup görünýär.

Biziň dünýämiz diňe bir ak ýa-da gara däl-de, ol eýsem çylşyrymly we köpgyraňly — bu bolsa suratkeşiň filosofik manysyny açyp görkezýän aýratynlyk.

Tretýakow galereýasynyň düzümine şu gymmatlyklar girýär: Lawruşinskiý bölümindäki taryhy bina (20-nji asyrdan öň çekilen suratlar bar); Malyý Tolmaçewskiý bölümindäki medeni merkez we Krymskiý Waldaky täze çeperçilik galereýasy (1985-nji ýyldan bäri işleýär; Onda 20-nji asyryň suratlary we awangardistleriň suratlary hödürlenýär).

Täsin faktlar:

  • Beýik Watançylyk urşy döwründe suratlar agaç şahalara togalanyp, papirus kagyzy bilen goýlup, suw geçirmeýän materiallar bilen berkidilen gutulara ýerleşdirildi we 17 eşelon Nowosibirske hem-de Molotowa göçürildi;
  • 2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda garaşylmadyk ýagdaýda galereýadan Arhip Kuinjiniň «Aý-Petri. Krym» atly suraty ýitdi; Ertesi gün suraty alyp gaçan adamy ele salyp, eseri tapdylar;
  • Tretýakow döwlet galereýasynyň täsin kitaphanasynyň kitap ýygyndysynda sungata degişli 200 000-den gowrak ýöriteleşdirilen jilt bar;
  • Syýahatçylaryň dykgatyna bu ýerde surata düşürmek gadagan edilýär.

Peýdalanylan çeşmeler:  tretyakovgallery.ru; tourister.ru; kraeved1147.ru; dk.ru; wikiway.com; ru.m.wikipedia.org, nyblog.ru.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar