Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gadymy Kolizeý: Gülläp ösen we tesen döwürleri, ýerasty labirintler, täsin artefaktlar

1
39330

Dünýä jahankeşdeleriniň iň köp barýan ýerleriniň biri bolan Rim şäheriniň täsinlikleriniň hatarynda ozal guwlaryň hem uçmadyk kölüniň ýerinde gurlan Kolizeýiň adyny aýtmak gerek.

Bu Rim şäheriniň meşhurlygy boýunça Watikandan soňky ikinji, gelim-gidimi boýunça hem birinji orunda durýan taryhy gymmatlygydyr.

Flawiýalaryň amfiteatry — bu at imperatorlaryň dinastiýasyndan gelip çykýar: Ol bu ýeriň gurluşyk işlerine badalga beren Wespasiana Flawiýa (b.e 72-nji ýyl) we onuň ogly — bu ýeriň gurluşygyny tamamlan Tita (b.e 80-nji ýyl) bilen baglydyr. Onuň soňlugy bilen meşhur bolan “Kolizeý” ady latynçadaky “colosseum” — ägirt uly diýen sözden ugur alýar. Şeýle-de Kolizeý adynyň ýüze çykmagy amfiteatrdan uzak bolmadyk ýerde bina edilen Kolos Neronyň 35 metrlik heýkeli bilen hem bagly hasaplanýar.

Surat: awesomeworld.ru

Kolizeýi ikileýin amfiteatr diýip hem atlandyrmak bolar, sebäbi ol aýlaw şekilli bolan iki sany ýarym ýüzük göwrümine eýedir. Täsin Rim amfiteatrynyň ölçegleri hem haýran galdyryjydyr: aýlaw oky — 156x188 m, beýikligi bolsa — 48,5m ölçegine deň.

Bu toplum dört gatdan ybaratdyr: Birinji üç gat özünde söweşijileriň we hudaýlaryň heýkellerini jemläp, dor, ion, korinf stillerinde ýerine ýetirilen gaýtalanýan kolonnalardan we arkalardan ybarat; dördünji gat bolsa penjiresiz boş diwardyr.

Arenanyň ýüzüne çäge sepilip, oturylýan ýerleriň oturgyçlary mermerden, betondan, ýerli tufdan we kerpiçden ýasalypdyr. Amfiteatryň diwarlaryna yssydan goranmak üçin niýetlenen örtük görnüşinde uzyn zolak (welarium) matalar tutulypdyr.

Kolizeýiň girelgeleri (takmynan 80 sany) belli bir derejä getirilipdir: aşaky bölegi aristokratlar üçin, ortasy asylly söweşijiler üçin, ýokarky bölegi bolsa umumy adamlar üçindir. Olaryň üsti bilen tomaşaçylar çärýek sagadyň içinde binany doly dolduryp hem-de bäş minudyň içinde boşadyp bilýärler.

Amfiteatra şol döwürlerde 50 000 sany adam sygypdyr.

Gurluşyk wagtynda rimliler tarapyndan ulanylan döwrüniň gyzyklandyryjy täzeçilligi agyr materiallary ýokarky gata götermek üçin peýdalanylan kran bolupdyr.

Bu ajaýyp binany gurmak üçin 100 müňden gowrak gul Iýudeýden Rime ýörite getirilipdir we hünärmen binagärler, gurluşykçylar, inženerler, heýkeltaraşlar çagyrylypdyr.

Kolizeýiň gurluşygynyň başlanmagynyň esasy maksady Rim begleri we müňlerçe tomaşaçylar üçin haýwanlary öldürmek we gladiator söweşlerini geçirmek ýaly çäreleri guramak bolupdyr.

Surat: rome24.ru

Bu ýerde söweşýän adamlary saýlamak işi meýletinçileriň, öňki harby adamlaryň, jenaýatçylaryň we gullaryň gatnaşmagynda geçirilip, olaryň agramyny, boýuny, söweş tejribesini, başarnyklaryny, söweş stilini göz öňünde tutup, gaty ünsli geçirilipdir. Söweşler oňa gatnaşyjylar ölýänçä dowam edipdir (şonuň üçin Kolizeýiň ikinji ady — ölüm ybadathanasy bolupdyr) ýa-da şondan soň gladiatorlaryň zähmet ýoly ömürleriniň ahyryna çenli pensiýa töleglerini almak bilen tamamlanypdyr.

Haýwanlar bilen bolan söweşlere ýolbarslar, piller, gaplaňlar, aýylar we gippopotamlar gatnaşypdyr. Taryhçylaryň pikiriçe, gladiator oýunlarynyň tutuş döwründe Kolizeýiň arenasynda takmynan 400 000 adam we 1 milliondan gowrak haýwan ölüpdir.

Surat: kulturologia.ru

Amfiteatryň zyndany özünde nähili syrlary saklaýarka? Bu ýer hyzmat ediş otaglaryndan, adamlary we ýabany haýwanlary saklamak üçin niýetlenen otaglardan, kapasalarda we platformalarda arena girmekde ýokary göterýän ýörite mehanizmlerden ybarat bolan labirint diýen ýalydyr.

Nemes arheology Heinz-Ýürgen Beste jaýyň örän anyk meýilnamasyny düzdi we Kolizeýde haýsy enjamlaryň ulanylandygyna has aýdyň düşünmek üçin gadymy Rimiň mehanikasy bilen parallel gözlegleri geçirdi.

Gämidäki oýunlary we deňiz söweşleriniň türgenleşiklerini geçirmek hem-de amfiteatryň meýdançasy harby gämileriň durkuny täzelemek üçin 1 metr çuňlukda suw bilen doldurylypdyr (Suw ýörite suw geçirijiler arkaly üpjün edilipdir).

Kolizeýiň pese gaçmagynyň taryhy hristiançylygyň ösmegi bilen başlanypdyr, sebäbi täze ynanjy kabul eden rimliler ganly söweşlerden lezzet alyp bilmändirler, biziň eramyzyň 523-nji ýylynda bolsa köpçülikleýin nägileliklerden soň, Rimiň häkimiýeti ýyrtyjylaryň öldürilmegini hem gadagan edipdir.

Surat: awesomeworld.ru

847-nji ýyldaky ýer titremesinden soň, Rimiň begleri we ruhanylar ybadathanalaryň hem-de meşhur binalaryň gurluşygy üçin mermer alyp başlapdyrlar, mysal üçin: Keramatly Petryň köşgi ýa-da Palazzo Wenesiýa üçin alnypdyr.

Meşhur milliarder Biego Della Walle Kolizeýiň dikeldilmegi üçin 33 million dollar harçlamagy meýilleşdirýär (2013-nji ýylda başlandy).

Ýerli ýaşaýjylaryň: “Kolizeý dursa, Rimem durar” diýen meşhur jümläni döreden Italiýanyň bu nyşany häzirki günde täze galkynyşyny başdan geçirýär.

Täsin faktlar:

  • Arenanyň elliptik görnüşi ne gladiatorlara, ne-de heläk boljak haýwanlara gan dökmekden gizlenmäge mümkinçilik bermändir;
  • özboluşly aýratyn täsirlilik — haýwanlaryň we gladiatorlaryň meýdançada duýdansyz peýda bolmagy eken, 28 sany lift olary derrew zyndandan çykarypdyr;
  • Bu ýerde adamlar ölümli güýmenjelere garaşypdyrlar;
  • Arenadaky wagşy çykyşlara garşy ilkinji resmi taýdan bildirilen nägilelik miladydan öňki 404-nji ýylda, has takygy keşiş Telemahyň münberden gygyryp, söweşiň ýatyrylmagyny talap eden gününden başlanýar. Onuň bu hereketine gaharlanan tomaşaçylar keşişi daşlap öldüripdiler;
  • jahankeşdeler binanyň ajaýyp yşyklandyryşyna tomaşa etmek üçin bu ýere gije gelýärdiler, ýöne indi ol diňe gündiz aýlanyp görmek üçin açykdyr;
  • Syýahatçylar Kolizeýe her ýylda iki dynç günleri baryp bilmeýärler, bu günler 25-nji dekabr hem-de 1-nji ýanwardyr.

Peýdalanylan çeşmeler: undergroundexpert.info; diletant.media/articles; shkolazhizni.ru; AwesomeWorld.ru; wikiway.com.
 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar