Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«KAMAZ-master» ralli topary nädip dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri boldy?

0
81270

Iýul aýynda Russiýanyň «KAMAZ-master» toparynyň sürüjileri «Ýüpek ýoly» awtoralli ýaryşynyň jemleýji tapgyrynda ýük awtoulaglary derejesi boýunça ýeňiş gazandylar. Bu ugurda ozal hem topar has abraýly awtoulag ýaryşynyň — «Ralli Dakar» marafonynyň 19 gezek ýeňijisi bolmak bilen, awtoralli sportunda özüni iň öňdebaryjylaryň biri hökmünde ykrar etdirdi.

Bu günki günde «KAMAZ» brendi Türkmenistanda we Ýer ýüzünde awtosport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bilen tanalyp, bu ugurda kärhananyň we hemaýatkärleriň goldawy bilen 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýaryş ýük awtoulaglaryny öndürip gelýär.

«KAMAZ-master» toparynyň resmi taýdan esaslandyrylan güni 1988-nji ýylyň 17-nji iýuly hasaplanylýar. Şol wagtlar ilkinji geçirilen ralli-reýd ýaryşlarynda topar ulaglaryň adaty kysmyndan peýdalanypdyr, emma 90-njy ýyllaryň ortalaryna bolsa bu ulagyň diňe sport kysmyny döredip ýeňiş gazanyp boljakdygyny bilip, täzeçe çemeleşmeler durmuşa geçirilipdir. Olar diňe käbir aýratynlygy babatda adaty ulaga çalym edipdir.

Ýaryş «KAMAZ» ulagyny dolandyrmak köp sanly ussat sürüjiler üçin çagalykdan, has takygy şol wagtlar guralan karting ýaryşlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Bu babatda topara has başarjaň sürüjileri toplamakda «KAMAZ-masteriň» karting hem-de baggi boýunça goldaw maksatnamasy bardyr. Munda sürüjiler kiçiliginden has adaty ýaryşlary geçirip görmek bilen, başarnyklaryny ýüze çykarýarlar we türgenleşiklerde biri-birinden tapawutlanyp, kem-kemden topara birikýärler.

Ökde öwrenijiler ilki mehanik hökmünde zähmet çekip, soňlugy bilen ýolbaşçylaryň ýaryş synagyna goýbermegi bilen sürüjilik ukyplaryny ýüze çykarýarlar. Sport kysymly ýaryş ýük awtoulagy adaty kysym ulaglardan görnetin gymmat bahaly bolandygy üçin, ony dolandyrmagy diňe has tejribeli sürüjilere ynanýarlar. Şol sebäpden hem toparyň ähli sürüjileriniň ýaşy uludyr, olaryň içinde iň kiçi ýaşlysy Aýrat Mardeýew bolup, ol 35 ýaşynda.

«KAMAZ-master» toparynyň üstünlikleriniň esasylarynyň biri ýaş sürüjiler mekdebini guramaçylykly ýola goýmagydyr, emma  şunuň bilen baglylykda, ýaryşlara tehniki taýýarlyk hem az möhüm däldir. «Dakaryň» düzgünleri ýygy-ýygydan üýtgeýär, käte hatda iň garaşylmadyk ýagdaýda-da oňa käbir üýtgeşmeler girizilip bilýär. Şeýle hem marafony guraýjylar ekipažyň artykmaçlyk etmegini halamaýarlar, ýöne rus topary bu ýagdaýdan her gezek ýerlikli çözgüt tapyp, baş alyp çykýar.

Mysal üçin, «KAMAZ-master» hyzmatdaşy ýa-da üpjün edijileri täzelemäge mejbur edýän hereketlendirijiniň iş göwrümini yzygiderli azaldar. Birmahallar «KAMAZ» göwrümi 18 litre çenli bolan ЯМЗ — V8 hereketlendirijilerini ulandy, ol hatda 26 litrlik V12 hereketlendirijisinden hem peýdalanypdy. 2013-nji ýylda bolsa bu çäklendirme import edilýän Liebherr V8-e geçmäge mümkinçilik berdi.

2019-njy ýylda geçirilýän «Dakar» üçinem başga bir täze awtoulag döredilmeli boldy. Oňa 43509 indeksi alnyp, iň esasysy hem, «KAMAZ-yň» hünärmenleri ýene-de täze hereketlendiriji, bu gezek göwrümi 13 litre çenli bolan düzüm bölegini gözlemäge mejbur boldular. Netijede, gurluşyk ýörite tehnikalarynda ulanylýan Hytaýyň DCEC (Dongfeng Cummins Motor Company) hereketlendirijisi saýlanyp alyndy.

«KAMAZ-master» kärhanasyndaky seriýaly hereketlendirijiler ulagyň öwrülişini döwrebaplaşdyrmak we iň ýokary derejede öwürmegi üpjün etmekde kynçylyga ýakyn gelýär.

«KAMAZ-master» toparynyň ahlak häsiýetini sürüji Eduard Nikolaýewiň 2022-nji ýylyň «Dakarynyň» 11-nji tapgyrynda eden işi hem ajaýyp häsiýetlendirýär. «KAMAZ» sürüjisi kärdeşi Dmitriý Sotnikowyň bökdençlige sezewar bolandygyny görüp, onuň deňinde säginmek bilen topardaş kärdeşine ýardam berýär. Ol bu ýardamy bermezden geçip hem bilerdi, sebäbi yzda toparyň agzalarynyň ikisi bardy. Netijede bolsa, Nikolaýew topardaşynyň tiz ýaryşa goşulmagyna kömek edip, umumylykda toparyň ýokary netijä eýe bolmagyny gazanmagy başardy.

«Toparymyzda ýoldaşlarymyza kömek bermek — bu asylly däp bolan zat» -diýip, Nikolaýew žurnalistlere beren interwýusynda belleýär — Käwagt netijäni unutmaly bolýar. Biziň toparymyzyň içinde ýolbaşçylaryň tagallalary bilen ekipažlaryň arasyndaky özara bäsdeşlik bar, emma ol bäsdeşlik dartgynly hem, düşünişmezlikli hem däl. Köp adamlar näme üçin «KAMAZ-yň» hemişe ýeňiş gazanýandygyny soraýarlar. Bu ýagdaý biziň bir topardygymyzy we toparyň netijesi üçin işleýändigimizi görkezýär».

Çeşme: auto.mail.ru.

Surat çeşmesi: kamazmaster.ru.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar