Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleri birleşiginiň okuw sapaklaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar

0
56305

Awtoulag satyn almak ýa-da kärendesine almak isleýän islendik raýat ilkinji nobatda sürüjilik şahadatnamasyny almagy, has takygy Awtomobil sürüjilik mekdebiniň okuwlaryny geçmegi üns merkezinde saklamalydyr.

Awtomobil sürüjilik mekdepleriniň islendiginde okuwlary geçýänlere awtoulagy dolandyrmak başarnyklaryny kämilleşdiriş, ýol hereketiniň kadalary, şeýle-de ýol-ulag hadysalarynda ilkinji kömegi bermek hem-de ulagyň gurluşyny öwrenmek ýaly sapaklar geçilýär. Şunuň bilen birlikde, awtomobil mekdeplerinde okaýan her bir öwreniji ýol kadalarynyň çäklendirmelerini hem-de düzgün bozulan ýagdaýynda PÝGG tarapyndan degişli jerimeleriň salynýandygyny bilmelidir.

Okuwlaryň deslapky sapaklarynda öwrenijiler nazary bilimleri özleşdirmek bilen, ýol hereketiniň kadalaryny içgin öwrenýärler, ýol hereketiniň kadalarynyň ugur alyp, ýolda ýüze çykyp biljek ýagdaýlardan dürli mysallary seljerýärler, awtoulagyň hereketlendirijisiniň gurluşyny öwrenýärler. Amaly bilimler bilen baglylykda bolsa ýolagçylary we dürli görnüşli ýükleri daşamagyň düzgünleri, sürüjilik kategoriýalarynyň her birine degişlilikde kanunlar we ýollarda ýol-ulag hadysasynda ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek ýaly wezipeleri bilmek degişlidir.

Tejribe okuwlary awtoulag sürüjilik meýdançasynda özbaşdak ulag dolandyrmak synanyşyklaryndan başlanýar. Bu ýerde öwreniji dolandyryşa rahat erk etmegi, öwrümleri amala aşyrmagy we yzyna öwrülmegi, päsgelçiliklerden geçmegi başarmagy, ulagyň ölçeglerini duýmagy başarmagy, ruluň we çarhyň täsirlerine düşünmegi, ulagy ýerleşdirmegi, ulagy yzlygyna sürmegi we beýleki sürüjilik başarnyklaryny özleşdirýär.

Gözükdiriji öwrenijiniň nazary we amaly başarnyklary ýeterlik derejede öwrenendigini makullanyndan soň, ulagy şäher gurşawynda dolandyrmak tapgyrlary, bu babatda ilki ulag az köçelerde, soňlugy bilen köp ulagly köçelerde dolandyryş tejribesi geçirilýär.

Sürüjilik şahadatnamasyny almak iki tapgyrda: ilki nazary bilimleri barlamak, soňra bolsa sürüjiligiň amaly başarnyklary boýunça synaglar geçirilýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça okuwlary hem-de A, B, C, D hem-de E kategoriýalary boýunça sürüjilik şahadatnamalaryny almagy, şeýle-de sürüjilik tejribesini kämilleşdirmegi hödürleýär. Şular bilen hem howply derejeli ýükleri ýurduň içinde we daşynda daşamak üçin degişli okuw işleri geçirilýär. Birleşik nazary we amaly sapaklary geçirmek bilen, sürüjileriň derejesine baha bermek üçin soňky hünär synagyny guraýar.

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň resmi saýtynda bolsa, diňe bir okuw merkeziniň işi ýa-da okuwlary bilen tanyşmak däl-de, eýsem, sürüjilik okuwlaryny geçmek üçin onlaýn arza tabşyrmak, planşet barlag testlerini geçmek, şeýle-de degişli sürüjilik wideoroliklerini görmek ýaly amallary ýerine ýetirip bolýar.

Okuw sapaklarynyň geçilýän otaglary wideoproýektorlar we kompýuterler bilen üpjün edilendir. Bu ýerde «Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalary» okuw gollanmasynyň mysallaryny 3D animasiýa we wideorolikleriň formatlaryna geçirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Bu format okuw materiallaryny ýeňil özleşdirmäge ýardam edýär. Mundan başga-da, sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleriň — «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» esasynda awtomekdebiň ykjam goşundysy hem özgerdildi. Indi bu ýerde dürli kategoriýaly sürüjileri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hyzmatlary, okuw sagatlarynyň sany, okuwlaryň tölegi, howply ýükleri daşaýan sürüjiler üçin okuwlar we başga-da köp peýdaly maglumatlary tapmak bolýar.
 

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar