Soňky habarlar

Arhiw

Galla oragy möwsüminde türkmen gallaçylary «KAMAZ» tehnikalaryny giňden peýdalanýarlar

11:2606.06.2022
2
8968

3-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Bu ugurda ilkinji bolup Ahal, Mary we Lebap welaýatlary galla oragyna girişdiler. Galla oragy — gallaçylaryň mynasyp zähmetiniň miwesidir. Olaryň ýeňil bolmadyk bu işinde bolsa döwrebap tehnikalar örän zerurdyr.

Türkmen daýhanlary üçin hasyl ýygnamakda we olary daşamakda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «KAMAZ» awtotehnikalary hyzmat edýär.

Olar ýükleri daşamakda hem-de senagat önümçilik, gurluşyk kärhanalarynda giňden ulanylýar. Bu ägirt uly tehnikalar ýük we giň bort platformaly göwrümde ýekeleýin, şeýle-de awtoulag otlusy görnüşinde uzyn göwrümde bolýar.

Mysal üçin, ýük awtotehnikalaryna iki ýa-da üç tarapyndan ýük ýükläp bolýar.

Awtootly görnüşli awtoulaglar bolsa iki tarapyndan ýük ýüklenýän göwrümde bolup, üstünden geçirilip ýapylýan örtüge hem eýedir. Platforma galdyrylanda aşaky bölegi awtomatik usulda 90 göterim açylýar, ýapylanda bolsa platforma goýberilenden soň, gidrawlikanyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Däne daşaýjy ýük tehnikasy bolsa aýryp-dakylýan bort we tent karkasy bilen üpjün edilendir. Däne ýükleri daşamak üçin bolsa bortda rezin örtük berkidilendir.

Bu tehnikalaryň iň özboluşly mümkinçiligi ýükleri awtomatik düşürip-ýükleme funksiýasynyň bolmagydyr. Onuň kömegi bilen bellenen ýere 14,5 tonna ýüki düşürip bolýar, onuň berkidilen goşmaça bölegi (prisepi) bolsa 10 tonna deňdir.

Bellesek, prisepli ulagyň peýdalanylmagy bir sürüjili awtoulag tehnikasy üçin ýeňil bolup, wagty hem-de ýangyjy tygşytlamaga ýardam edýär. Bu ýagdaýda zähmetiň öndürijiligi ýokarlanýar. Galla oragy möwsüminde ýa-da dürli ýükleri daşamaly bolan ýagdaýynda bu hili awtoulag tehnikasynyň we onuň prisepiniň ulanylmagy ykdysady taýdan hem örän tygşylydyr.

Kamaz awtoulag tehnikalarynyň Türkmenistanda «KAMAZ FTC Corp. LLP» bölümi tarapyndan iş alyp barýandygyny ýatladýarys.

Habarlaşmak üçin:
Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 602-nji jaý, «KAMAZ» okuw-hyzmat ediş merkezi;
Telefon belgileri: (+ 993 12) 75 22 04/05;
Faks: (+993 12) 75 19 70;
Elektron poçta salgysy: office@ftckamaz.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň