Top.Mail.Ru

«KAMAZ»: Türkmenistandaky döwrebap hyzmat ediş merkezleri, ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlary hem-de 10 000 sany awtotehnika

0
62177

«KAMAZ» dünýäniň ýük awtoulaglaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalarynyň 20-ligine girýän Russiýanyň iri korporasiýasydyr. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 70 müň sany awtoulag tehnikasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

«KAMAZ» paýdarlar jemgyýetiniň guramaçylyk edaralary Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň hem-de käbir daşary ýurtlaryň çäginde ýerleşýän 110 sany kompaniýany özünde jemleýär. «KAMAZ» tehnikalary dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar. Kärhananyň resmi dilerlik wekillikleri Ýewropa bileleşiginiň ýurtlarynda, Kubada, Wenezuelada, Hindistanda, Mongoliýada, Indoneziýada we beýleki ýurtlarda hereket edýär.

Türkmenistanda kompaniýanyň «KAMAZ FTC Corp. LLP» bölümi iş alyp barýar we ol ýurda gerek bolan awtoulag tehnikalaryny üpjün etmek bilen birlikde, olaryň kepillik hyzmatlaryny, bejeriş we tehniki goldaw hyzmatlaryny ýetirýär, şeýle-de ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we ýag-ýangyç serişdelerini üpjün edýär. Şunuň bilen birlikde bu bölüm hünärmenleri taýýarlamak işlerini alyp barýar.

Türkmenistan bilen «KAMAZ» kompaniýasy uzak ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyryp gelýär. Ýurduň çägine awtoulag tehnikalarynyň 10000-den gowragy getirildi we olaryň üsti häzirki wagtda hem ýetirilýär.

«KAMAZ FTC Corp. LLP» Türkmenistanyň ministrliklerini we beýleki edaralaryny, şeýle-de pudaklaýyn hem-de önümçilik kärhanalaryny döwlet şertnamasy esasynda awtoulag tehnikalary bilen üpjün edýär.

Türkmenistanda «KAMAZ» tehnikalaryny sargyt edijiler hökmünde «Türkmennebit» hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, «Türkmendemirýollary» agentligi, Aşgabat şäher häkimligi, şeýle-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan hususy kärhanalaryň birnäçesi çykyş edýärler.

Türkmenistanda döwlet şertnamalary esasynda üpjün edilýän «KAMAZ» awtoulag tehnikalary «KAMAZ FTC Corp. LLP» bölüminde hasaba alynýar. Şertnamada nazarda tutulýan şertlere laýyklykda, degişli kepillik döwründe meýilnama görä ulaglaryň ähli tehniki üpjünçilikleri gözden geçirilýär.

Meýilnamalaýyn tehniki üpjünçilik işlerine ulagyň harajat materiallaryny (howa we ýag filterleri), şeýle-de motor ýaglaryny çalyşmak degişlidir.

Hyzmatlar kemçilikler babatdaky hasabat esasynda ätiýaçlyk şaýlaryny çalyşmagy hem-de olary abatlamagy öz içine alýar. Enjamlaryň esasy bölekleriniň has uly kemçilikleri ýüze çykarylanda bolsa motorlary, düzüm böleklerini we ş.m. sökmek, abatlamak ýa-da çalyşmak işleri amala aşyrylýar.

2021-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «KAMAZ» kärhanasynyň ikinji hyzmat ediş merkezi açylyp ulanmaga berildi. Hyzmat ediş merkeziniň birinjisi bolsa 2008-nji ýylda Aşgabat şäherinde açyldy.

Täze köp mümkinçilige eýe bolan hyzmat ediş merkezi anyklaýyş, hyzmat ediş we «KAMAZ» ulagynyň dürli düzüm böleklerini bejermek üçin niýetlenen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Hyzmat ediş merkezi dolandyryş binasyndan, ammar jaýyndan, abatlaýyş önümhanasyndan we awtoulaglary ýuwmak üçin ýörite ýerden ybaratdyr.

Bu günki günde «KAMAZ» awtoulaglarynyň hyzmat ediş merkezlerini gurmak bilen bagly işler ýurduň beýleki welaýatlarynda hem işjeň alnyp barylýar. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Sergeý Kogogin şu ýylyň 25-nji aprelinde Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanowyň wekiliýeti bilen gelende Türkmenistana bolan saparynda belläp geçdi. Şeýle hem ol mundan ozal awtoulag tehnikalary üpjün etmek bilen bagly 3 ýyllyk şertnamanyň doly ýerine ýetirilendigini aýtdy.

«Biz kepillikli borçnamalaryň ählisini ýerine ýetirýäris we hyzmat ediş bilen bagly goldawlary berýäris. Biziň maksadymyz — işleri depginli dowam etdirmek, Türkmenistanda täze iş ýerlerini açmak we halk hojalygynyň tehniki zerurlyklaryny kanagatlandyrmak. Häzirki wagtda Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşygyň gerimine ählimiz şaýat bolýarys. Ýük awtoulaglaryny ulanmazdan hiç bir binanyň gurluşygyny amala aşyryp bolmaýar. Şol sebäpden hem ýurdy döwrebap ýük awtoulaglary bilen üpjün etmäge taýýardyrys we bu ugurda Türkmenistan bilen bilelikde hyzmatdaşlygy dowam etdireris» – diýip, «KAMAZ-yň» baş direktory belleýär.

«KAMAZ» kärhanasynyň önümçiliginde ýörite enjamlaryň iň giň görnüşi, hususan-da, nebit-gaz toplumy, gurluşyk senagaty, jemagat hojalygy we oba hojalygy üçin niýetlenen tehnikalar, şol sanda ýangyn enjamlary, dürli ýolagçy awtobuslary, ýük awtoulaglary (göterijilik ukyby 4 tonna çenli bolan) we tirkegler öndürilýär.

Kompaniýanyň Aşgabatdaky bölüminde ýerli hünärmenleri awtoulag tehnikalarynyň täze görnüşleri hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen tanyş etmek maksady bilen, «KAMAZ» awtoulag konserniniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýörite okuwlar we maslahatlar geçirilýär. Şeýle-de müşderileriň gönüden-göni zawodlara baryp görmek işleri hem guralýar.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýolynyň 602-nji jaýy, «KAMAZ» okuw-hyzmat ediş merkezi;

Telefon belgileri: (+ 993 12) 75 22 04/05;

Faks: (+993 12) 75 19 70;

E-mail: office@ftckamaz.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar