Soňky habarlar

Arhiw

Tomusda awtoulagyň içinde nämeleri goýmak maslahat berilmeýär

0
57495

Bilşimiz ýaly, tomus paslynyň jöwzaly howasynda awtoulagyň içi Günüň göni düşýän şöhlesinden ýaňa edil howurpeje dönýär diýsegem o diýen bir ýalňyş bolmasa gerek. «Turkmenportal» web saýtynyň taýýarlan bu materialynda türkmen topragy üçin adaty bolan şol yssy howada ulagyň içinde nämeleri goýup düşmezlige üns çekilýär. 

Gapylary ýapylan ulagda öý haýwanlaryny hem-de çagalary goýup düşmek uly müşgilligi döretmäge ýakyndyr. Hatda bir zatlar almaga diýip bäş minutlyk dükana çykan mahalyňyz hem gapylarydyr aýnalary ýapyp düşseňiz, hiç hili üýtgeşik bir zat bolmaz diýen umytda bolmagyňyz ähtimal, emma bu pikir edişiňiz ýaly bolmanam biler. Mysal üçin, şeýle ýagdaýda tanyş biri çykyp ýa bolmasa-da kassada hasaplaşyp eglenmegiňiz mümkindir.

Çagalaryň fiziologiýasy ulularyňkydan tapawutlanýar. Çaganyň bedeniniň gyzgynlygy 3-5 esse çalt ýokarlanýar we çagalar ululara garanyňda suwsuzlyga çydamakda gowşakdyr.

Öý haýwanlary barada aýdylanda bolsa, olar hem yssa çydamly däldir. Şeýlelik bilen, awtoulagda galyp daşyndan gulplanan itiň bedeni, takmynan 20 minutda 41 ° C çenli gyzýar, bu bolsa haýwan üçin ölüm howply diýildigidir.

Wagtyň geçmegi bilen ulagyň eýesi üçin awtoulag ikinji «öýüne» öwrülýär we adam kem-kemden ol ýere özüniň köp sanly enjamlaryny, esbaplaryny hem-de dürli ownuk-uşak zatlaryny daşaýar. Bu ýagdaýda ulagyň çekerini, bulgur goýaryny, gyraky «jübülerini» yzygiderli barlap, arassalap durmak zerurdyr.

Ulagdan düşeniňde mümkin boldugyça ýanyň bilen alyp düşmeli zatlaryň mysaly sanawy: 

Dermanlar. Adatça, bu serişdeleriň ulanylyşy barada gözükdirmeler bolýar, oňa laýyklykda hem, dermanlyk serişdeleri Gün şöhlesinden gorap, 20-25 derejeden uly bolmadyk şertlerde saklamalydyr. 

Tomusda Gün şöhlesi dermanlaryň himiki düzümine täsir edip biler, bu bolsa olaryň diňe bir täsiriniň peselmegine däl, eýsem olardan zäherli maddalaryň bölünip çykmagyna hem sebäp bolup biler.

Birnäçe sagatlap, hatda birnäçe günläp goýlan içi suwly plastik çüýşe awtoulagyň içinde ýangynyň döremegine sebäp bolup biler. Gün şöhlesiniň göni düşýän ýerinde duran suwly plastik çüýşe linza ýaly bolup biler.

Ýene bir sebäp — ýokary temperatura şertlerinde suwly gyzan plastmassanyň bölüp çykarýan, adamlara zäherli bolan himiki bisfenol A zyýanly maddasydyr. Dogry, munuň üçin tejribe maglumatlaryna görä, içi suwly plastik çüýşe 4 hepdäniň dowamynda 70°C-e çenli gyzmalydyr.

Iýmit — süýt önümleri, et, balyk, ýumurtga, bişirilen önümler we başga-da köpsanly iýmit önümlerini 32 °C-dan ýokary temperaturada bir sagatdan artyk saklamak maslahat berilmeýär. Ýylylyk iýmitiň hiline we howpsuzlygyna täsir edýän bakteriýalaryň köpelmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Aerozollar — dezodorantlar, eşikler üçin antistatikler, howa tämizleýjiler, dürli hili beýleki spreýler we gysylan gazly dürli görnüşli kiçijik gutuly zatlar yssy şertde partlap biler. Gün şöhlesi göni düşmedik ýagdaýynda-da, aerozol gyzgyn howaly ýerde ýeterlik derejede gyzýar, bu bolsa gabyň içindäki howanyň giňelmegine sebäp bolýar.

Günüň astynda goýlan zažigalka hem ýangynyň döremegine getirip biler.

Kosmetika önümleri hem edil derman serişdeleri ýaly ýaramaz täsirler bilen zäherlenme döredip biler. Örän yssy howanyň bolmagy bezeg we özüňe ideg kosmetika serişdeleriniň özboluşly ýokumly aýratynlyklaryny we häsiýetlerini üýtgedip biler, şeýle-de dowamly ulanylan ýagdaýynda allergiki täsiri döredip biler.

Gajetler hem yssy howa bilen oňşup barýan däldir. Bu meselede öndürijileriň özleri hem telefonlary, planşetleri we beýleki gajetleri ýyladyjy batareýa peçlerinde ýa-da gyzgyn awtoulagyň içinde goýmagy maslahat bermeýärler. Mysal üçin, «Apple» kompaniýasynyň hünärmenleri 35° C-den ýokary temperaturanyň batareýa zeper ýetirip biljekdigini duýdurýarlar.

Sözümiziň ahyrynda ýene-de bir bellemeli zat, plastikden öndürilen — Güne garşy äýnekler, şarikli ruçkalar we beýleki ownuk zatlar awtoulagyň salonynda ýatdan çykarylyp, ulagyň gyzýan ýerlerinde uzak wagtlyk goýulýar-da, ýatdan çykarylýar. 

Peýdalanylan çeşmeler: woman.rambler.ru; hyperauto.ru; mel.fm; www.autoszkola-wroclaw.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar