Soňky habarlar

Arhiw

Tomusda howa sowadyjy zerarly sowuklamakdan nädip goranmaly

0
29406

Tomus paslynda Türkmenistanda daşaryk çykýan islendik adamyň esasy islegi — näçe tiz boldugyndan howa sowadyjyly salkyn ýere özüni atmak. Ýogsam, howanyň derejesiniň dessine peselmegi zerarly sowuklajakdygyny islendik kişem bilýär ahyryn. Tomsuň jokramasynda sowuklamazlyk üçin howa sowadyjynyň lezzetli bolup duýulýan ýiti sowugyndan saplanmagyň, howa sowadyjyny şoňa görä ulanmagyň birnäçe usulyny bilip goýmak ýerlikli bolar.

Howa sowadyjynyň üfleýjisiniň  kuwwatlylygyny peseltmek. Üfleýji otagyň içinde howanyň dürli tarapa öwüsmegine getirýär, eger sowadyjynyň derejesi ýokary, otagda bolsa sowuk howa aýlanýan bolsa, sowuklamak üçin başga «bahana-da» gerek däl. Şonuň üçinem üfleýjiniň kuwwatyny iň pes derejede goýmaly. Beýle edeniň bilen otagdaky howa maýlamaz, emma sowuk howa öwüsmesi bolsa aradan aýrylar.

Daşardan gelen badyňa derrew howa sowadyjynyň işläp duran otagyna girmeli däldir, iň gowusy beýleki otagda birnäçe minut garaşmaly. Bedeniň gyzmagy, üstesine-de derden ýaňa çygaran eşikler — bokurdagyň galmagyny, newralgiýa ýa-da radikulit keselini gazanmagyň iň «gowy» usulydyr.

Şeýle hem işjeň türgenleşikden ýa-da gyzgyn duşdan çykylandan soň, howa sowadyja golaý barmaly däl.

Howa sowadyjyny wagtal-wagtal ýuwup durmaly. Onuň süzgüçleri diňe bir tozan däl, eýsem patogenleri hem ýygnaýar, olaryň iň howplysy legionelladyr. Köplenç «howa sowadyjy keseli» diýlip atlandyrylýan «legionolýoz» keseli edil pnewmoniýanyň alamatlary ýaly, öýkene zeper ýetmegine sebäp bolýar. Elbetde, howa sowadyjyda ýerleşýän az howply bakteriýalar we kömelejiklerem öz gezeginde agyr keseliň döremegine sebäp bolup biler.

Diwarda dikilýän sowadyjynyň «perdelerini» üýtgäp durýan görnüşde goýsaňyz, bu usul bir ýere gönükýän sowuk howanyň akymynyň öňüni almaga mümkinçilik berer.

Daşardan yssylap gelen mahalyňyz howa sowadyjy öçük duran bolsa, onuň temperaturasyny 16-da goýup açmaga howlukmaň, bu ýagdaýda howanyň az-kemden ýaýramagy üçin temperaturasyny 24 derejede açyp, soňlugy bilen kem-kemden peseltmek dogry bolar.

Işläp duran howa sowadyjynyň aşagynda oturmaň. Sowuk howa size päsgel bermeýän bolaýanda-da, birneme wagt geçenden soň, burnuňyzyň akyp başlamagy mümkin ýa-da sowuk zerarly arkaňyzda we boýnuňyzda agyry döräp biler.

Otagy wagtly-wagtyna ýelejiredip durmaly. Howa sowadyjy gurşawyň howasyny guradýar, bu bolsa öz gezeginde keseliň döremek howpuny ýokarlandyrýan ýerli immunitetiň peselmegine sebäp bolýar. Mundan başga-da, ýapyk, durgun howaly gurşawda bakteriýalar we wiruslar işjeň köpelýärler.

Bu ýönekeý usullaryň ählisi howa sowadyjynyň ähli artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga we şol bir wagtyň özünde sowuklamadan we sowuk arkaly döräp biljek beýleki kesellerden gaça durmaga mümkinçilik berer.

Peýdalanylan çeşmeler: radiosputnik.ria.ru; ichip.ru

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar