Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ädimme-ädim: ýöremegiň ynsan saglygyna peýdasy

0
18474

Ýöremek, başgaça aýdylanda gezim etmek — bedeniňi sagdyn saklamagyň has täsirli usullarynyň biri. Sebäbi islendik ýaşdaky adamlar, hatda uly ýaşly ata-enelerimiz üçin hem ýöremek kynçylygy talap etmeýän endikdir.

Pyýada gezim etmegiň peýdaly taraplary

  • Ýöreýän mahalymyz bedenimiziň gan aýlanyşy ýokarlanýar, beden öýjüklerimiz kislorod bilen baýlaşýar. Bu bolsa ähli beden agzalarymyzyň kadaly işlemegine getirýär;
  • Yzygiderli gezim etmek immun ulgamynyň berkemegine, möwsümleýin ýokançlaryň ýaýraýan mahalynda respirator kesellerinden gaça durmaga täsir edýär;
  • Myşsalaryň berkemegi we ýokary derejedäki gan aýlanyş uly ýaşly adamlaryň bogun agyrylaryna oňyn täsir edýär;
  • Pyýada gezim etmek horlanmagyň iň täsirli usullaryndan biridir. Gündelik gezelençleriň netijesinde maddalaryň çalşygy artýar, artykmaç kaloriýalar ýakylýar we myşsa massasy güýçlenýär. Pyýada ýöränimizde ýakylýan kaloriýalaryň ylgan mahalymyzdakydan kän bir tapawudynyň ýokdugyny bellemek gerek;
  • Hereketde geçirilýän durmuş ýörelgesi we bedeniň fiziki taýdan işjeň bolmagy nerw ulgamyna we adamyň ukusynyň hiline oňyn täsir edýär;
  • Pyýada ýöremek üçin bolsa diňe zerur egin eşikleri we oňaýly aýakgaplary almak ýeterlikdir.

Saglygyňy berkitmek üçin näçeräk ýöremeli bolýar?

  • Ilkibada 15-20 minut kadaly ýöremeli, soňlugy bilen bolsa ýöreýän wagtyňyz hem, tizligiňi hem artdyrmaly;
  • Lukmanlar günüň dowamynda 1,5-2 sagatlap orta tizlikde gezim etmegi maslahat berýärler. Bu takmynan 4 kilometr töweregi aralyk bolýar;
  • Belentli-pesli ýollardan ýöremek has peýdalydyr;
  • Ýörän mahalyňyz kadaly bir tizlikde ýöremän, käte tiz, käýarym bolsa haýal ýöräň.

Ýöreýän mahalyň bedeniňi saklaýşyňa üns bermeli:

  • Arkaňy dik tutmak;
  • Kelläňi galdyrmak;
  • Eginleriňi dürs saklamak;
  • Garnyňy ýokary galdyrmak;
  • Dabanyňa direnmek;
  • Tiz ýörelende tirsegiňi ellemek.

Ýatda saklaň! Tiz taýýarlanýan naharlary halaýan bolsaňyz, mysal üçin gamburger iýeniňizden soň, alnan kaloriýalary ýakmak üçin 1 sagat 43 minut wagt gerek bolar. «M&M’s» süýjüsiniň bir dänesini iýeniňizde ondan alnan kaloriýany ýakmak üçin futbol meýdançasyny aýlanyp çykmaly bolýar.

Çeşmeler: heaclub.ru; stoneforest.ru; medaboutme.ru.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar